2024-nji ýylyň oktýabr aýynda tmcars.news saýty Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, Özbegistanda ýerleşýän unudylan iki sany şäher — Taşbulak we Tugunbulak barada habar beripdi. Şol wagtdan bäri bu syrly arheologik tapyndylar ylmy jemgyýetçiligiň diňe bir üns merkezinde bolman, eýsem gyzgyn çekişmeleriň hem merkezine öwrüldi.
Taşbulakda adamlar VI asyrdan bäri ýaşapdyrlar, Tugunbulak bolsa miladydan soňky VIII asyrdan başlap gülläp ösüpdir. Adamlar bu iki şäheri hem XI asyrda, takmynan, 1050-nji ýyllarda doly terk edilipdirler. Olaryň näme üçin haňlap galandygy taryhçylar üçin henizlerem syr bolmagynda galýar.

Şäherleriň nädip üsti açyldy?
Aslynda, göwrümi boýunça kiçiräk bolan Taşbulak şäherini arheologlar ilkinji gezek 2011-nji ýylda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky daglyk ýerlerde pyýada aýlanyp geçen wagtlary ýüze çykardylar. Onuň golaýyndaky uly Tugunbulak şäheri bolsa dört ýyl soň tapyldy — onuň ýerleşýän ýerini arheologlara ýerli tokaýçy görkezdi.
2022-nji ýylda dronlaryň we lidarlaryň (lazer skanerleriniň) kömegi bilen giň möçberli barlaglar başlandy. Bu tehnologiýa ýer astynda galan binalaryň takyk 3D kartasyny düzmäge mümkinçilik berdi. 2024-nji ýylyň oktýabrynda bolsa alymlar köp ýyllyk zähmetiň netijelerini Nature ylmy žurnalynda resmi taýdan köpçülige hödürlediler.

Arheologlarda we taryhçylarda aýratyn gyzyklanma döreden şäher Tugunbulak boldy. Özbegistanyň günorta-gündogaryndaky daglarda, deňiz derejesinden 2130 metrden gowrak beýiklikde ýerleşýän bu gadymy şäheri giňişleýin öwrenmek, onuň diňe bir dagdaky gala däl-de, eýsem VI–XI asyrlardaky metallurgiýa merkezi bolandygyny görkezdi.
Dronlara berkidilen lidarlaryň kömegi bilen (22 uçuşyň dowamynda) gözlegçiler meýdany, takmynan, 121 gektar bolan, berkitme diwarlary, gorag diňleri, terrasalary we takyk tor şekilli meýilnamasy bolan şäheri bellige aldylar. Tugunbulak meýdany boýunça gadymy Pompeý şäherinden tas iki esse uludyr.
Üýtgeşik tapyndylar we türki esgeriniň gubury
Gazuw-agtaryş işleri şäheriň gülläp ösen döwründe demir öndürýän esasy merkez bolandygyny tassyklady. Binalaryň içinden arheologlar magdan erediş desgalaryny, peçleri, poslan demir galyndylaryny we arça kömürlerini tapdylar.

Ýerli magdan çykarylýan ýerler ýarag we öý hojalyk gurallaryny — gylyçlardan we peýkamlardan başlap, sapanlara we oraklara deňiç öndürýän demirçileri we magdançylary çig mal bilen üpjün edipdir. Bu önümler diňe bir sähra imperiýalaryna (skiflere, gunlara, mongollara) däl, eýsem düzlükdäki oazislere hem iberilipdir.
Hünärmenleriň pikiriçe, beýle uly önümçiligiň tapylmagy Ýüpek ýolundaky söwdanyň diňe Samarkant ýa-da Buhara ýaly peslikdäki oazisleriň üstünden geçendigi baradaky öňki çaklamany aradan aýyrýar.

Toplumyň demirgazyk-günbatar böleginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar diwarlarynyň galyňlygy bir metrden geçýän, uly pagsa binanyň üstünden bardylar. Şol ýerde esger gubury hem tapyldy: adamyň süňk galyndylary at süňkleri bilen bir ýerde ýerlenipdir.
Barlaglar onuň türki esgeriniň guburydygyny görkezdi.
Esger bilen birlikde başga-da ençeme gymmatly tapyndylar bar:
- Sowut deşiji we sygyrýan süňk peýkamlary, bürünç syrgalar, polat hanjar we at esbaplarynyň bölekleri;
- Möjegiň şekili (türki taýpanyň tagmasy bolmagy ähtimal) çekilen bürünç ilik ;
- Süňk şybyk;
- Içinde üç sany birleşen bürünç teňňesi bolan deriden ýasalan haltajyk. Teňňeleriň birinde sogdy dilindäki ýazgy («Hudaýyň ak patasyny göterijiniň puly») we VII asyra degişli aziýalylara mahsus keşpli hökümdaryň şekili saklanyp galypdyr.

Oňa görä has kiçi bolan Taşbulak şäherçesi (takmynan 14 gektar) sähel belentlikde ýerleşýär. Ol ýerde orta asyrlara degişli iň uly, 650 töweregi guburly dag gonamçylyklarynyň biri tapyldy. Radiouglerod barlagy iň köne guburyň takmynan 720-nji ýyllara degişlidigini görkezdi. Merhumlaryň ýerlenişi we mazar esbaplarynyň ýoklugy Taşbulak ýaşaýjylarynyň bu sebitde yslamy ilkinjileriň biri bolup kabul edendigini tassyklaýar.

Ýitip giden Marsmanda şäheri şumy?
Barlagçylar Maýkl Fraçetti (Sent-Luisdäki Waşington uniwersiteti), Farhod Maksudow (Özbegistanyň Millî Arheologiýa merkezi) we Sanjot Mehendale (Börkli şäherindäki Kaliforniýa uniwersiteti) tapylan bu toplumyň unudylan Marsmanda şäheridigine pugta ynanýarlar. Nýu-Ýork uniwersitetiniň erkin arheology Soren Stark hem bu çaklamanyň tarapdary.

X asyryň arap çeşmelerinde (hususan-da geograf Ibn Haukal tarapyndan) Marsmanda alysdaky söwdagärleri özüne çekýän beýik dagly metallurgiýa merkezi hökmünde suratlandyrylypdyr.
Bu ýeri kimler dolandyrypdyr?
Bu ýerleri kimiň tabynlygynda bolandygy baradaky mesele henizem kän jedel döredýär. Ýanaşyk düzlüklerde sogdylar häkimlik sürüpdirler — olar eýran dilinde gepleşipdirler, otparazlyga (zoroastrizme) uýupdyrlar we Buhara hem Samarkant töweregindäki ekerançylyk ýerlerini işläp baýapdyrlar. Olar Hytaýyň paýtagty Çan-an (häzirki Si-an) şäherine çenli uzalan çetki ýerlerde söwda obalaryny esaslandyrypdyrlar we Türki kaganlygynyň dolandyryş ulgamynda möhüm orny eýeläpdirler. Olaryň Zaamin şäheri Tugunbulakdan üç günlük, Samarkanta bolsa bary-ýogy alty günlük ýolda ýerleşipdir.
Muňa garamazdan, barlagçylar sogdylaryň bu sebitde bolandygyna şübhelenmeseler-de, Tugunbulagy türki begzadalarynyň dolandyrandygyny öňe sürýärler.
«Bu özbaşdak bir häkimiýetdi — diýip Fraçetti nygtaýar. — Ol ýerde otparazlaryň ybadathanalary ýok, emma türkilere degişli subutnamalar kän. Diýmek, bu çarwalar düzlükdäki bazarlara amatly bolan ýeri saýlap alypdyrlar».

Beýleki alymlar bolsa bu pikire şübheli garaýarlar. Özbegistanda köp ýyllaryň dowamynda gazuw-agtaryş işlerini geçirip gelen Nýu-Ýork uniwersitetiniň arheology Soren Stark Tugunbulakda sogdylaryň agalyk edendigini we olaryň gymmatly metallurgiýa merkezini hüjümlerden goramak üçin türki esgerleri hakyna tutandygyny çaklaýar. Üstesine-de, VII asyrda ilkinji Türk kaganlygy darganyndan soň nökerler «täze iş gözläpdirler we olaryň has gurply goňşularyna ýüz tutmagy bolup biläýjek ýagdaý» diýip, alym öz çaklamasyny orta atýar.
Şäheriň çökmegine getiren sebäpleriň hatarynda alymlar güýçli guraklygy, kömür taýýarlamak üçin zerur bolan arça tokaýlyklarynyň köpçülikleýin çapylmagyny ýa-da demir öndürýän beýleki merkezler bilen bäsleşigi görkezýärler.
Arheologlar Tugunbulagyň merkezindäki şäheriň dolandyryş edarasy bolmagy çaklanylýan uly depäni içgin öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.