Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde gadymy ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklar görkezildi

Şu gün, 17:001,104
1 / 9

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Taryhy gymmatlyklar — gadymyýetiň syrly sahypalary» atly sergi geçirilip, onda ýurduň gadymy ýadygärliklerinden tapylan taryhy gymmatlyklar ilkinji gezek görkezildi.

Bu gymmatlyklar «Abiwerd», «Nusaý», «Dehistan», «Gadymy Merw» we «Sarahs» döwlet taryhy-medeni goraghanalaryndan, şeýle hem olaryň golaýyndaky gadymy depelerden tapyldy. Tapyndylaryň bir bölegini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tabşyrdy.

Abiwerdden tapylan gymmatlyklaryň arasynda eneolit eýýamyna degişli nagyşly keramiki gaplar we olaryň bölekleri, zenan heýkeli, haýwan heýkelleri, oýnawaç, arabanyň bölegi we möhür bar.

Nusaýdan şol döwrüň surat çekmek we keramika bezemek däpleriniň ösendigini görkezýän, zenan şekili çekilen küýze görkezildi.

Sergide gadymy binalaryň freskalary, metopalary we toýun gaplar hem bar. Sarahsdan tapylan gymmatlyklaryň içinde Aleksandr Makedonlynyň (Isgender Zülkarneýin) şekili çekilen kümüş teňňe, itiň we horazyň toýundan ýasalan şekiljigi hem-de toýun çyraglary bar.

Dehistandan tapylan X–XII asyrlara degişli keramiki önümler — altynsow öwüşginli küýzeler, tabaklar, şakäseler we okaralar sergide aýratyn orun eýeledi. Orta asyr metal önümleri, şol sanda ýarymaý şekilli bürünç gutujyk, guş şekilli aýakly küýze, asma gazanlar we metal nal hem muzeýe gelýän adamlarda uly gyzyklanma döredýär.

Bulardan başga, myhmanlar Paryzdepe we Şährislam ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-barlag işlerinde tapylan syrçaly we syrçasyz gaplary, şeýle hem Paryzdepedäki binalaryň bezeg böleklerini görüp biler.

Sergini muzeýiň müdiri Meretgeldi Çaryýew açdy. Açylyşda Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň we Döwlet muzeýiniň wekilleri hem çykyş etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.