Merkezi Afrika Respublikasynda bikanun altyn käniniň opurylmagy netijesinde 100-den gowrak adam heläk boldy. Bu barada ýerli häkimiýetlere salgylanýan Reuters agentligi habar berdi.
Opurylma 18-nji awgustda ýurduň günbatarynda, Kamerun bilen serhediň golaýynda ýerleşýän ýerde, el güýji bilen gazylýan Zamboýe käninde ýüze çykdy. Pida bolanlardan başga, köp sanly adamyň ýaralanandygy we dereksiz ýitendigi-de belli boldy.
Buar şäheriniň prokuraturasynyň maglumatyna görä, pajyga içinde birgiden adam bar mahaly birnäçe ýerasty geçelgeleriň çökmegi sebäpli boldy. Edara bolup geçen waka boýunça derňew işlerine başlady.

Halas ediş işleri iki günläp dowam etdi.
MAR-iň hökümet wekili Ewariste Ngamana betbagtçylykly ýagdaý bilen bagly gynanç bildirdi we häkimiýetleriň jebir çekenlere ählitaraplaýyn hemaýat bermek üçin mümkin bolan tagallalary edýändigini mälim etdi.
Ýurduň altynly sebitlerindäki bikanun känler köplenç zähmet howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmän işleýärler, şol sebäpli hem ol ýerlerde opurylmalar yzygiderli gaýtalanýar. Iýun aýynyň ortalarynda Kamerun serhedindäki Nana-Mambere prefekturasynda ýerleşýän Be-Mbari känindäki bolup geçen meňzeş heläkçilik hem onlarça adamyň ömür tanapyny kesipdi.