Berlinde ot alan köp gatly jaýyň 11-nji gatynyň penjiresinden böken zenan diri galdy. Aljyrap, nätjegini bilmän oturan aýaly ýangyn söndürijileriň biri bökmäge yryp, soňam ony gapyp aldy.
Ýangyn Fridrihshaýn etrabynda, şäheriň Gündogar otly menziliniň golaýyndaky binalaryň birinde sagat irden 06:30 töwereginde ýüze çykdy. Zenan öýi gurşap alan ýalyndan gutulyp, janhowluna penjireden daşyna çykyp oturmaga mejbur bolýar. Kömege gelen halas edijiler awtomerdiwany açsalar-da, onuň sebedi dokuzynjy gatdan beýige galyp bilmeýär.
«Ýagdaý hakykatdanam örän hatarlydy, çylşyrymlydy» diýip, ýagdaýy gözi bilen gören ýangyn söndürijileriň biri gürrüň berýär.
Zenan halas edijiniň özüni ruhlandyrjak bolup edýän yşaratlaryna garamazdan, ep-esli wagtlap bökmäge ýürek edip bilmän oturýar. Ahyrsoňy ol gollaryny ýaýyp, iki gat belentlikden sebede bökýär. Wideoýazgyda ýangyn söndürijiniň ony tutup alşy görünýär.
Zenanyň saglygyna näderejede zyýan ýetendigi häzirlikçe belli däl.
Ýangyn netijesinde umumylykda 13 adam şikes aldy. Ýüzlerçe ýaşaýjy binanyň daşky basgançaklary arkaly göçürildi. Halas edijileriň yhlasy bilen, ýangyn takmynan bäş sagatdan soň doly söndürildi. Polisiýa işgärleri ýangynyň sebäbini anyklaýar.
«Hernä şeýle ýagdaýlary her gün görmeli bolup duramzok» diýip, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň wekili sözüniň üstüni ýetirdi.