Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, bu wezipä Soýençnazar Nurnazarowiç Selimow bellenildi.
Döwlet Jumaýew Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerine 2021-nji ýylyň awgust aýynda bellenilipdi. Ozal Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesini eýeleýärdi.