Arheologlar Krit adasyndaky gadymy Gortina şäherinde ýerleşýän Apollon ybadathanasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde, 450-den gowrak syçanyň süňk galyndylaryny tapdylar.
Bu tapyndy adada gadym wagtlarda syçanlara aýratyn mukaddeslik hökmünde seredilendigini subut edýär.
Galyndylar b.e. öňki VII asyra degişli daş diwaryň içindäki gurbanlyk çukurdan tapyldy. Indi syçanlaryň takyk haýsy döwürden galandygyny kesgitlemek üçin barlaghana we radiouglerod barlagy geçiriler.
Taryhy çeşmelere görä, ýunan butparazlary Apollon hudaýyny käwagt "Sminteý", ýagny "syçanly" diýip hem atlandyrypdyrlar. Şeýle atlandyrma köplenç Anadoly (häzirki Türkiýäň çäkleri) sebitinde ulanylypdyr. Gomeriň meşhur "Iliada" poemasynda hem Apollon hut şu at bilen agzalýar. Gadymy grek taryhçysy Strabon bolsa bu medeniýetiň ilki Kritde dörändigini, soňra Anadola ýaýrandygyny ýazypdyr.
Miflere görä, syçanlar bir gijede Krit adasyna göçüp gelenleriň gaýyş aýakgaplaryny, ýaýlarynyň kirişlerini we galkanlarynyň bagyny gemrip gutarypdyrlar. Gemrijiler şeýtmek bilen göçüp gelenleriň "ýerli ýaşaýjylar bilen çaknyşmaly bolar" diýip, öňünden weli tarapyndan aýdylan duýduryşy hakykata öwrüpdirler.
Bu rowaýat uzak wagtlap diňe Anadoly sebitlerine degişli hasaplanypdyr. Eger täze barlaglar galyndylaryň ýaşyny tassyklasa, bu tapyndy Strabonyň aýdanlaryny subut eder we Kritde syçanlara aýratyn hormat goýlandygyna delil bolar.