Yssyk-kölüň düýbündäki gadymy şäherde ýaşan adamlaryň keşbi dikeldildi

Şu gün, 09:56778
1 / 3

Gyrgyzystandaky Yssykkölüň düýbünde tapylan gadymy oba barada tmcars-da öň hem gürrüň berlipdi. Indi alymlar ol ýerde ýaşan iki adamyň — bir ýaş ýigidiň, birem aýal maşgalanyň ýüz keşbini dikeltmegi başardylar. «MK» neşiriniň ýazmagyna görä, olaryň daş keşbi tapylan kelleçanaklary esasynda dikeldildi.

Arheologlar olaryň galyndylaryny geçen ýyl tapypdylar. Tolkunlar mazarlary ýuwup gidensoň, olar kölüň düýbüne çykypdyr.

Hünärmenleriň çaklamasyna görä, olaryň biri 18 ýaşlaryndaky ýigide, beýlekisi bolsa 32–35 ýaşlaryndaky aýala degişli. Olaryň ikisi hem bir metr çemesi çuňlukda, tabytsyz, musulmançylygyň urp-adatlaryna laýyklykda jaýlanypdyr.

Keşbi dikeltmek üçin sowet antropology Mihail Gerasimow tarapyndan işlenip düzülen plastik dikeldiş usuly ulanyldy.

Tapylan adamlaryň ikisiniň-de mongoloid sypatda bolandygy anyklanyldy. Ýöne ýaş ýigitde ýewropeoid adamlaryň sypatyna çalymdaş aýratynlyklar hem bar.

Gözlegçiler olaryň gelip çykyşy we durmuş ýörelgesi baradaky jemleýji netijeleri DNT hem-de süňkleriň izotop düzüminiň seljermesinden soň paýlaşmagy meýilleşdirýärler. Bu derňewler adamlaryň näme bilen iýmitlenendigini, doglan ýeri, ata-babalarynyň nirelerden göçüp-gonup gelendiklerini anyklamaga mümkinçilik berer.

Arheologik işler takmynan alty asyr mundan öň suw astynda galan gadymy şäheriň ýerleşen ýerinde alnyp barylýar. Hünärmenleriň pikiriçe, şäheriň suwa gark bolmagyna güýçli ýertitremesi sebäp bolupdyr. Suw astynda çig we bişen kerpiçden salnan ýaşaýyş hem-de jemgyýetçilik binalary, şeýle hem medreseleriň, aramgähleriň, metjitleriň we minaralaryň, ullakan humlaryň galyndylary saklanyp galypdyr.

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň kiçi ylmy işgäri Maksim Menşikowyň aýtmagyna görä, takmynan, bäş inedördül kilometr meýdany bolan çägiň ýaňy bir 15–20 göterimi öwrenildi. Desgalary gözlemek üçin barlagçylar «Trioniks-6M» suw asty dronuny we gidroakustik ulgamy ulanýarlar.

2026-njy ýylyň iýun-iýul aýlarynda arheologlar 140 töweregi gymmatly tapyndyny we 300 töweregi keramika böleklerini suwdan çykardylar hem-de radiouglerod barlagy üçin agaç nusgalaryny topladylar.

Gözlegçiler ýerli ilatyň arpa, bugdaý we dary ýetişdirendiklerini, bagbançylyk bilen meşgullanandyklaryny anykladylar. Şeýle hem ösümlik ýagyny almak üçin ulanylan juwazyň düýbi tapyldy.

Häzirki wagtda Yssykkölüň düýbünde 50-den gowrak arheologik ýadygärligiň bardygy belli. Köl Týan-Şan dagynyň seýsmik taýdan işjeň zolagynda ýerleşýär, şonuň üçin bu ýerde relýefiň üýtgemegi sebäpli kenarýaka çäklerini taryhda ençeme gezek suw basypdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.