Gazagystanyň günbatarynda arheologlar ýerli asylzada maşgaladan bolan ýaş zenanyň 1500 ýyllyk guburyny tapdylar. Onuň öz döwrüniň ýokary gatlagyna degişlidigini owadan hem kaşaň lybasy, şol sanda altyn şaýly aýakgaby subut edýär diýip, Arkeonews habar berýär.
Mazar Maňgyşlak ýarym adasyndaky Karakabak gonamçylygynda, häzirki Aktau şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Iň üýtgeşik tapyndylaryň arasynda tylla tokalary dakylan köwüşden başga, şoňa meňzeş usulda bezelen guşak bilen başgap hem bar.
Arheologlar Andreý Astafýew we Ýewgeniý Bogdanow bu zenanyň patyşalyk lybasyny ýatladýan dabaraly geýimde jaýlanandygyny anykladylar. Onuň başgaby tegelek altyn şaýlar düzülen atynjadan we nykap şekilli şaýlary bolan gyzyl reňkli täçden ybarat bolupdyr. Onuň çat maňlaýa düşýän şelpesi bolsa gadymy grek gorgoneon şekilini ýatladýar. Gözlegçileriň pikiriçe, beýleki bezeg bölekleri has gadymy skif dessurlary bilen baglanyşyklydyr.

Şol bir wagtda guşakdaky we köwüşdäki altyn tokalar olaryň gündelik ulanyş üçin niýetlenmändigini görkezýär. Olarda adaty geýilende zerur bolan berkitmeler ýok. Şol sebäpli arheologlar bu bezegleriň diňe jaýlaýyş dabarasy üçin ýörite ýasalandygyny çaklaýarlar.
Bu tapyndy ahyrky hun we hunlardan soňky döwürler (Şipowo medeni gatlagy) bilen baglanyşdyrylýar. Gubur Birinji Türki Kaganlygynyň (552-nji ýyl) gurulmagynyň öňüsyrasyndaky geçiş döwrüne, V—VI asyrlaryň sepgidine degişli.
Gözlegçiler altyn zergärlik önümleriniň golaýda ýerleşýän Karakabak obasyndaky ussahanalarda ýasalan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar. Sebäbi ozal ol ýerde metallurgiýa, zergärçilik, aýna we keramika önümçiliginiň yzlary tapylypdy. Bu bolsa Karakabak ýerli begler üçin gymmat bahaly önümleri ýasaýan esasy merkezleriň biri bolandyr diýmäge mümkinçilik berýär.