Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow assosiasiýanyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atşynaslyk sungatyny halkara derejede ösdürmek we ahalteke bedewleriniň Olimpiýa meýdançalaryna çykmagyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe Karara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda:
- Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty her bäş ýyldan bir gezek geçiriler. Onuň geçiriljek wagty we ýeri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisinde tassyklanar.
- Ahalteke atlaryny konkuryň we atly sportuň beýleki görnüşleriniň halkara talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuw-türgenleşik maksatnamalary işlenip düzüler, ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport boýunça iri bäsleşiklerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite halkara baýraklary we kuboklary dörediler.
- Ahalteke atlarynda atly syýahatçylyk halkara derejede ösdürilmeli ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şeýle-de, bu ugurda tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, täze ugurlary döretmek üçin daşary ýurtlaryň atçylyk hem-de syýahatçylyk guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak bellenildi.
- Arassa ganly ahalteke atlarynyň tohumçylyk hasabatyny kämilleşdirmek we olaryň genetik goragyny üpjün etmek maksady bilen Ahalteke atlarynyň halkara tohumçylyk geňeşi dörediler.
- Atlaryň genetikasyny, saglygyny we weterinariýasyny ylmy esasda öwrenmek boýunça ylmy-barlag maksatnamalary taýýarlanar, ahalteke atlarynyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak boýunça ýörite ylmy-weterinariýa barlag işleri geçiriler.
- Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň birnäçe raýatlary assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi.
- Assosiasiýanyň nobatdaky XVII mejlisini 2027-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.