Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Mangistau welaýatynda adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajyga zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan pida bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny bildirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.
24-nji sentýabrda Hazar deňziniň kenaryndaky Mangistau welaýatynda geçirilen harby-deňiz türgenleşiginiň dowamynda howa duýdansyz ýaramazlaşyp, güýçli ýel bilen tolkunlar 17 harby gullukçyny açyk deňze alyp gitdi. Olaryň 14-si heläk boldy, üçüsi halas edildi.
Bolan pajyga zerarly Gazagystanda ählihalk matam güni yglan edildi.
Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda heläk bolan harby deňizçileriň hatyrasyna gynanç bildiriş kitaby açyldy. Ilçihananyň binasyndaky döwlet baýdagy aşak düşürildi.