Tokaýew Hazar deňzinde heläk bolan harby gullukçylary döwlet sylagy bilen sylaglady

Düýn, 12:449,692

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňzinde geçirilen harby okuw-türgenleşikleriň dowamynda heläk bolan harby gullukçylara döwlet sylaglaryny bermek hakdaky permana gol çekdi.

Aradan çykan bölüm serkerdesi, permana laýyklykda, Bauyržan Momyşulynyň adyny göterýän II derejeli «Aýbyn» ordeni bilen sylaglandy. Ýene 13 harby gullukçy Rahimžan Koşkarbaýewiň adyny göterýän III derejeli «Aýbyn» ordenine mynasyp görüldi.

Harby okuw-türgenleşikler geçen penşenbe güni Gazagystanyň Mangistau welaýatynda, Hazar deňziniň kenarynda geçirilipdi. «Kaýsar» atly gaýykdan kenara düşürilýän wagty harbylaryň 17-sini deňiz öz akymy bilen alyp gitdi. Olaryň üçüsini halas etmek başartdy.

Gazagystanda 25-nji sentýabrda ählihalk matam güni geçirildi. Waka boýunça jenaýat işi gozgalyp, Goranmak ministrliginiň işgärleriniň bäşisi tussag edildi. Ministrlik harby gullukçylaryň heläk bolmagyny howanyň duýdansyz ýaramazlaşmagy bilen düşündirdi.

Betbagtçylykdan soň Gazagystanyň Prezidenti goranmak ministri Dau­ren Kosanowy wezipesinden boşatdy. Goranmak ministrliginiň täze ýolbaşçysy wezipesine Aýdos Myrzahmetow bellenildi. Mundan başga-da, Gazagystanyň döwlet baştutany Howpsuzlyk Geňeşine we Goranmak ministrligine ýurduň Ýaragly Güýçlerinde gyssagly özgertmeleri geçirmek barada tabşyryk berdi.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti hem Kasym-Žomart Tokaýewe bu pajygaly waka zerarly gynanç bildiripdi.