29-njy sentýabrda Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäginde durmuş toýuny tutýan ýaş juwanlara täze jaýyň açary gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýaş çatynjalara ýüzlenip, olaryň durmuş toýlarynyň mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gabat gelmeginde uly manynyň bardygyny nygtady. Ol bedew at myrada ýetirýär, döwlet getirýär diýen paýhasly jümläni mysal getirip, ýaşlary durmuş toýlary bilen gutlady we toý sowgady hökmünde dabaraly ýagdaýda täze jaýyň açaryny gowşurdy.
Ýaşlaryň ejesi ene ýüreginden çuňňur hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanyndan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdi. Türkmenistanyň Prezidenti bagtyýar maşgalanyň haýyşyny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Soňra hemmeleri tutumly toýuň dabarasy bilen gutlap, bu ýerden ugrady.
Dabara joşgunly aýdym-sazlar we tanslar bilen dowam etdi.