Germaniýada Rim imperiýasyndan galan 3 kg kümüş teňňe tapyldy

25.09.2026, 18:013,657
1 / 2

Höwesjeň arheolog Oliwer Ridl Germaniýanyň Köln şäheriniň etegindäki meýdanda imperator Adrianyň döwrüne degişli kümüş teňňeleriň hazynasyny tapdy. The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, bu Germaniýada tapylan gadymy rim hazynalarynyň iň ulusy we dünýäde möçberi boýunça bäşinji uly tapyndydyr.

Tapyndy 934 dinariden ybarat bolup, onuň umumy agramy 3,1 kilograma barabardyr. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, olaryň bahasy 500 müň ýewro bolup biler.

Hazyna, çaklamalara görä, II asyryň ikinji ýarymynda gömlüpdir. Iň gadymy teňňeler b.e. öňki 148-nji ýyla degişlidir. Iň soňky teňňeler bolsa b. e. 125-nji ýylynda imperator Adrianyň şekili bilen zikgelenipdir.

Häzirki Köln şäheriniň ýerleşýän çägi b. e. öňki 39-njy ýyldan b. e. 459-njy ýylyna çenli Rim imperiýasynyň golastynda bolupdyr.

«Elbetde, teňňeleriň nähili niýet bilen gömlendigini diňe çaklap bileris. Ýöne ony gömenler, ähtimal, pullaryny ygtybarly ýerde saklamak isläpdirler. O döwürler banklar hem bolmandyr» diýip, arheolog Erih Klassen belledi.

Taryhçylaryň aýtmagyna görä, öz döwri üçin bu örän uly möçberdäki pul bolupdyr. Rim esgeriniň ýyllyk haky, takmynan, 300 denariýä deň bolup, onuň bir bölegi iýmit we harby enjamlar üçin sarp edilipdir. Şeýle köp teňňäni toplamak üçin «legioner gazanjyny takmynan alty ýyllap ýygnamaly bolardy».