Saksoniýanyň (Germaniýa) Bad-Dýuben şäheriniň häkimiýetleri taryhy gymmata eýe bolan Şnaditz galasyny satuwa çykardylar. Galanyň bahasy 1 ýewro, emma onuň täze eýesi binany dikeltmek üçin uly möçberde serişde sarp etmeli bolar. Bu barada Bild neşiri ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berýär.
Tas 800 ýyllyk taryhy bolan gala sebitiň möhüm binagärlik ýadygärlikleriniň biri hasaplanýar. Ýerli etrap ýolbaşçysy Matias Mitiň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda binanyň ýagdaýy kanagatlanarsyz. Muňa garamazdan, onuň üçeginden suw geçmeýär.

Suw bilen gurşalan ýerde ýerleşýän gala 1 012 inedördül metr meýdany eýeleýär. Onuň düzümine rysarlar zaly we iki sany diň girýär. Bir wagtlar gala Henrih fon Kleýstiň «Mihael Kolhaas» powesti boýunça tanalýan fon Saşnitz begzadalar maşgalasyna degişli bolupdyr.
1945-nji ýyldan soň gala döwlet eýeçiligine geçipdir. GDR döwründe onuň binasynda ýaşaýyş jaýlary, ýerli dolandyryş edarasy, poçta bölümi, çagalar bagy we durmuş hyzmatlary edaralary ýerleşipdir. Germaniýa birleşenden soňra bolsa bina uzak wagtlap ulanylmandyr.

2014-nji ýylda galany ABŞ-dan gelen hususy maýadarlar satyn alyp, bu ýerde myhmanhana we restoran toplumyny açmagy meýilleşdiripdirler. Emma maliýe ýetmezçiligi sebäpli, 2018-nji ýylda taslama togtadylýar. Meýilleşdirilen dikeldiş işlerine millionlarça ýewronyň deregine 400 müň ýewro töweregi serişde sarp edilýär. Netijede, kazyýetiň karary bilen alyş-satyş şertnamasy ýatyrylýar.

Indi şäher häkimligi galany dikeltmek üçin ýene-de maýadar gözleýär. Ýerli häkimiýetleriň hasaplamalaryndan çen tutsaň, binany düýpli abatlamak we başdaky ýagdaýyna getirmek üçin 20 million töweregi ýewro gerek bolar.
Mundan başga-da, dikeldiş işleri binagärlik ýadygärliklerini goramak boýunça degişli edaranyň berk gözegçiligi astynda geçiriler. Bu bolsa taslamanyň amala aşyrylmagy üçin zerur wagtyň uzalmagyna sebäp bolup biler.