Professional boksçy Priçard Kolon 33 ýaşynda aradan çykdy. 2015-nji ýylda ringde agyr şikes alanyndan soň, ol 11 ýyllap maşgalasynyň goldawy we idegi astynda ýaşady. Onuň ykbaly sport dünýäsinde uly seslenme döretdi hem-de sportuň söweş görnüşleriniň näderejede howpludygy baradaky meseleleri ýene-de bir gezek orta atdy.
Kolon ABŞ-nyň Florida şäherinde doguldy, ýöne çagalykda Puerto-Riko göçdi. Ol ýerde boksa gatnap başlady we 20 ýaşyna çenli Puerto-Rikonyň höwesjeňler çempionatynda bäş gezek çempion boldy. Şeýle hem ol ýaşlar arasyndaky Panamerikan oýunlarynda altyn medal gazandy.
2013-nji ýylda Kolon boksda professional karýerasyna başlady. Ol ilkinji 16 duşuşygynyň hemmesinde ýeňiş gazandy, olaryň 13-sini hatda nokaut bilen tamamlady. Ýöne Terrel Wilýamsa garşy geçiren 17-nji tutluşygy onuň soňky gezek ringe çykyşy boldy.
Söweş ilkibaşdan örän dartgynly hem gödek geçdi. Şonda ilki Kolon guşakdan pese uranlygy sebäpli jezalandyrylypdy, biraz wagt soň bolsa Wilýamsa «towşan urgusy» (ýeňse urulmagyna şeýle diýilýär) üçin duýduryş berildi. Dokuzynjy raundda Kolon iki gezek nokdauna düşdi. Onuň topary 10 raundyň hemmesi tamamlanandyr öýdüp, ýalňyşlyk bilen boksçynyň elliklerini çykardy. Muny gören referi duşuşygy saklady-da, ýeňşi Wilýamsa berdi.
Uruşdan soň Kolon özüni ýaramaz duýýandygyny aýdýar. Hassahanada onuň beýnisine gan öýülenligi anyklanylýar, türgen emeli koma ýagdaýyna girizilýär. 221 günden soň ol komadan çykýar, emma öňki saglygyny dikeldip bilmeýär. Galan ömrüni ýatagly geçirýär, özbaşdak ne iýip-içip, ne-de gepleşip bilýär.

Wilýams köpçülikde Kolondanam, onuň hossarlaryndanam ötünç soramady. Emma 2018-nji ýylda ol her gün garşydaşynyň saglygyny diläp, doga-dileg edýändigini we ony görmek üçin keselhana barmak niýetiniň bolandygyny gürrüň berdi, ýöne oňa bu pikirinden dänmegi maslahat beripdirler.
Wirjiniýadaky häkimiýetleriniň geçiren derňewiniň netijesinde Wilýamsa, referä ýa-da lukmana garşy nähilidir bir jeza çykarmaga hiç hili esas tapylmady.
Bütindünýä boks geňeşi (WBC) Kolon bilen bolup geçen «betbagtçylykly wakadan» soň guramanyň howpsuzlyk düzgünlerini täzeden gözden geçirip, has berkidenligini we lukmançylyk protokollaryny girizendigini mälim etdi.
«Seniň mirasyň we ýylgyryşyň ýüregimizde baky ýaşar» diýip, guramanyň metbugat beýanatynda bellenilýär.