Boksçy 600 gram artyk agram sebäpli dünýä çempiony titulyndan mahrum edildi

Şu gün, 09:082,340
1 / 2

Amerikan boksçysy Brendon Figeroa ýarym ýeňil agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) dünýä çempiony titulyndan mahrum edildi. Ol tutluşygyň öňüsyrasynda bellenilen agram çägine sygmady diýip, guramanyň metbugat gullugy Instagramda habar berýär.

«Reuters» agentliginiň ýazmagyna görä, Figeroa ýapon boksçysy Tomoki Kameda garşy tutluşykdan öň geçirilen resmi agram çekilişikde 126 funtlyk (takmynan, 57,2 kg) çäkden 1,4 funt (takmynan, 0,6 kg) agyr geldi.

Şeýle-de bolsa, tutluşyk 17-nji oktýabrda Las-Wegasda meýilleşdirilişi ýaly geçer diýlip garaşylypdy. 35 ýaşly Kameda ýeňiş gazanan ýagdaýynda erkin tituly eýelemelidi. Ýöne söweşiň öňüsyrasy Figeroa agram çägine sygmak synanyşygy sebäpli özüni erbet duýup, resmi ýagdaýda ýaryşdan çekildi.

Şeýlelikde, ýarym ýeňil agramda WBA-nyň guşagy erkin diýlip yglan edildi.

Figeroa bilen Kamedanyň urşy Premier Boxing Champions kompaniýasy tarapyndan guralýan boks agşamynyň esasy söweşiniň biri bolmalydy.

29 ýaşly Figeroa ýarym ýeňil agramda çempionlyk titulyny fewral aýynda eýeläpdi. Şonda ol Liwerpulda beýik britaniýaly Nik Bolly ýeňdi. Boksçynyň hasabynda jemi 27 ýeňiş, iki ýeňliş we bir deňlik bar. Kamedanyň hasaby bolsa 42 ýeňişden we bäş ýeňlişden ybarat.