Biwol britaniýaly boksçy Kallum Smite garşy uruşda titullaryny gorar

Düýn, 21:061,003

RCC Boxing Promotions kompaniýasy ýarym agyr agramda WBA, IBF, WBO guramalarynyň we «The Ring» žurnalynyň guşaklarynyň eýesi Dmitriý Biwol bilen beýik britaniýaly Kallum Smitiň arasynda çempionlyk duşuşygynyň geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi.

Uruş 12-nji dekabrda Ýekaterinburgdaky «UGMK-Arena» sport toplumynda geçiriljek boks agşamynyň esasy wakasy bolar.

Bu duşuşyk 35 ýaşly Biwol üçin WBO titulynyň hökmany goragy bolar. Guramanyň ýolbaşçylygy duşuşygy tomusda belläpdi, awgustyň ahyrynda bolsa türgenleriň toparlary şertnamanyň şertlerini ylalaşdy. Tutluşygyň senesi guramaçylyk we sanksiýa meseleleri gutarnykly çözülenden soň resmi ýagdaýda yglan edildi.

Russiýaly boksçy Dmitriý Biwol (25–1, 12 KO) özüniň öňki duşuşygyny 30-njy maýda Ýekaterinburgda geçirdi we germaniýaly boksçy Mihael Aýferti eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňip, WBA Super we IBF guşaklaryny gorady.

Ikinji orta agramda dünýäniň öňki çempiony bolan 36 ýaşly boksçy Kallum Smit (31–2, 22 KO) 2025-nji ýylyň fewralynda Joşua Buatsini ýeňip, WBO-nyň wagtlaýyn titulyny we hökmany dalaşgär statusyny gazandy. Ol hasabyndaky iki ýeňlişine ozal Biwolyň ýeňen boksçylary — Saul «Kanelo» Alwares we Artur Beterbiýew bilen geçirilen tutluşyklarda sezewar boldy.