Pul ara düşdi: Usik bilen Waýlderiň söweşi ýatyryldy

Düýn, 21:332,647

Dünýäniň öňki absolýut çempiony Aleksandr Usik (25 ýeňiş, 0 ýeňliş, 16 nokaut) bilen agyr agram derejesindäki öňki dünýä çempiony Deonteý Waýlderiň (45 ýeňiş, 4 ýeňliş, 1 deňme-deň, 43 nokaut) arasynda geçmeli köp garaşylan tutluşyk ýatyryldy.

Taraplar bu duşuşygy 2027-nji ýylyň ýazynda geçirmekçi bolupdylar. Emma gepleşikleriň soňy şowsuz tamamlandy.

Žurnalist Maýk Koppingeriň habaryndan çen tutsaň, taraplar ylalaşyga gelip bilmändir. Beýleki çeşmeler bolsa maliýe meseleleri boýunça düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy sebäpli, gepleşikleriň, takmynan, üç hepde ozal bes edilendigini belleýärler.

Netijede, ukrainaly boksçy meýilleşdirilen garşydaşyndan mahrum boldy. Häzirki wagtda onuň topary başga garşydaşlar bilen hem gepleşik geçirmeýär.

Şol bir wagtyň özünde, Deonteý Waýlderiň Jeý Opetaýa bilen habarlaşandygy we ony 11-nji dekabrda geçiriljek boks agşamynda tutluşmaga yrjak bolýandygy barada myş-myşlar peýda boldy. Olarda Waýlderiň bu duşuşygyň Taýson Fýuri bilen Entoni Joşuanyň arasyndaky esasy tutluşygyň öňüsyrasynda geçirilmegini isleýändigi aýdylýar.