Britaniýaly boksçylar Daniel Dýubua bilen Fabio Wordli 17-nji oktýabrda Londondaky «O2» arenasynda rewanş söweşini geçirer. Bütindünýä Boks Guramasynyň (WBO) superagyr agram derjesinde dünýä çempionynyň guşagy ugrunda geçiriljek bu söweş Queensberry Promotions kompaniýasynyň guraýan boks agşamynyň esasy tutluşygy bolar.
Boksçylaryň arasyndaky birinji söweş maý aýynda geçirilip, diýseň çekeleşikli bolupdy. Dýubua birinji we üçünji raundlarda iki gezek nokdauna gitse-de, söweşiň gidişini üýtgetdi we 11-nji raundda Wordlini nokauta düşürip, onuň çempionlyk guşagyny eýeledi.
28 ýaşly Dýubua professional ringe 2017-nji ýylda ilkinji gezek gadam basdy. Beýik britaniýaly boksçy superagyr agram derejesinde iki gezek dünýä çempiony boldy. Onuň hasabynda 23 ýeňiş (22-si nokaut bilen) hem-de üç ýeňliş bar.
31 ýaşly Wordli hem professional karýerasyna 2017-nji ýylda başlady. Ol Aleksandr Usigiň öz titulyndan meýletin dänmegi netijesinde 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda WBO tarapyndan doly hukukly dünýä çempiony diýlip yglan edildi, şol titulyny-da Dýubua aldyrypdy. Wordli jemi 22 söweş geçirip, 20 ýeňiş gazandy (19-ysyny nokaut bilen). Şeýle-de onuň bir ýeňlişi bar, ýene bir duşuşyk deňme-deň tamamlandy.