Birinji orta agramda WBC-niň çempiony, amerikan boksçysy Sebastýan Fundora bu titula hökmany dalaşgär, albaniýaly Ermal Hadribeýi tutluşygyň iň soňky sekundynda nokauta gidirdi.
Las-Wegasda geçen uruş tomaşaçylar üçin gyzgalaňlylygy bilen tapawutlanmady. Hadribeý garşydaşyny tutup saklandygy üçin emin tarapyndan iki gezek duýduryş aldy, Fundoranyň göwrä uran urgulary bolsa titula dalaşgäri kem-kemden güýçden gaçyrdy. Soňky pursatda Hadribeý jemleýji gong bilen bir wagtda nokdauna düşdi. Emin Tomas Teýlor boksçynyň tutluşygy dowam etdirip bilmeýär diýen netijä gelip, Fundora tehniki nokaut bilen ýeňşi berdi.
«Gyzykly tutluşyk boldy. Men ýakyn aralykda işlemeli we muny başarýandygymy hemmelere ýene bir gezek subut etmeli boldum. Ony soňky sekuntlarda nokaut edenim gowy boldy — diýip, Fundora ýeňişden soň belledi. — Bu eýýäm titulymyň dördünji goragy. Indi men absolýut çempion bolmak isleýän».
Geljek ýylyň başynda WBA we WBO çempiony Jeýron Ennis bilen IBF guşagynyň eýesi Joş Kelliniň arasynda birleşdiriji tutluşyga garaşylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, promouter Eddi Hirn eýýäm absolýut çempion ady üçin bu duşuşygyň ýeňijisi bilen tutluşyk geçirmek barada Fundoranyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirýär.