Köp ýyl bäri garaşylýan söweş: Fýuri bilen Joşua dekabr aýynda ringe çykar

Şu gün, 05:541,481
1 / 2

Agyr agramda öňki dünýä çempionlary, britaniýaly boksçylar Taýson Fýuri bilen Entoni Joşuanyň arasyndaky köpden bäri garaşylýan söweşiň geçiriljek senesi we ýeri resmi taýdan yglan edildi.

Tutluşyk 2026-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Welsdäki Kardiff şäherinde, «Millenium» arenasynda geçiriler. Bu barada çäräniň esasy guramaçysy hökmünde çykyş edýän Saud Arabystanynyň Baş dynç alyş müdirliginiň başlygy Turki Al aş-Şeýh habar berdi.

37 ýaşly Taýson Fýuri üçin bu söweş professional karýerasyndaky iň soňky tutluşyk bolup biler. «Syganlar şasy» lakamly boksçy ozal şu ýylyň öz karýerasyndaky soňky ýyl boljakdygyny aýdypdy. Onuň hasabynda 36 ýeňiş, iki ýeňliş we bir deňlik bar. Şol iki gezegem ol ukrainaly Aleksandr Usikden ýeňlipdi.

Fýuri aprel aýynda Arslanbek Mahmudowy eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňdi. Soňra ol Mariuş Wah bilen görkezme söweşini hem geçirdi. Britaniýaly boksçy karýerasynda WBC, WBA, WBO, IBF we IBO boýunça çempionlyk guşaklaryna eýe boldy.

36 ýaşly Entoni Joşua 2024-nji ýylyň sentýabrynda bäşinji raundda nokaut bilen Daniel Dýubuadan ýeňildi. Ol 2025-nji ýylyň dekabrynda Jeýk Pol bilen geçirilen söweşde ýeňiş gazanyp, ringe gaýdyp geldi. Joşua amerikaly boksçyny altynjy raundda nokauta gidirdi. Soňky garşydaşy Kristian Prenga boksçyny iki gezek nokdauna düşüripdi, emma Joşua ony hem ýeňmegi başardy.

Entoni Joşua dürli ýyllarda IBF, WBA, WBO we IBO boýunça çempionlyk titullaryna eýe bolupdy. Onuň professional ringdäki görkezijisi 30 ýeňişden we dört ýeňlişden ybarat.

Fýuri bilen Joşuanyň tutluşygyny eýýäm ençeme ýyl bäri geçirmek meýilleşdirilýärdi. Emma olaryň arasyndaky söweş birnäçe gezek yza süýşürildi. Iki britaniýaly boksçy hem agyr agramda esasy çempionlyk atlaryna eýe bolup görseler-de, professional ringde heniz biri-birine garşy çykyş etmändiler.