Meksikaly boksçy Saul Alwares Er-Riýadda geçirilen boks agşamynyň esasy söweşinde fransiýaly Kristian Mbiýany ýeňip, Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) superorta agram derejesindäki çempionlyk guşagyny yzyna aldy. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirildi.
36 ýaşly Alwares üçin bu söweş 2025-nji ýylyň sentýabrynda amerikaly Terens Krouforddan ýeňlenden soň, çempionlyk adyny gaýtadan gazanmaga mümkinçilik boldy. Şol wagt Krouford superorta agram derejesindäki dört esasy çempionlyk guşagynyň ählisini alypdy. Emma soňra ol professional karýerasyny tamamlaýandygyny yglan edip, guşaklardan ýüz öwürdi.

Bir ýyldan gowrak wagt bäri ringe çykmadyk we tirsegine ýeten zeper zerarly operasiýa geçiren Alwares söweşde ynamly çykyş etdi. Mbiýa has işjeň hereket etse-de, meksikaly boksçy pursatlardan has netijeli peýdalanyp, takyk urgulary köpräk geçirmegi başardy. Alwaresiň takyk urgularynyň sany 132-ä, fransiýaly garşydaşynyňky bolsa 99-a deň boldy.
Sekizinji raundda garşydaşynyň ýeňsesine urandygy üçin Mbiýanyň hasabyndan bir utuk aýryldy. Söweşiň ähli raundlary tamamlanandan soň, eminler biragyzdan Alwaresiň ýeňşini ykrar etdiler. Hasap 115:112, 116:111 we 117:110 boldy.
Agşamyň ähmiýeti boýunça ikinji esasy söweşinde hem meksikaly boksçy Haýme Mungiýa çykyş etdi. Ol rus boksçusy Nikita Zon bilen geçirilen dartgynly tutluşykda öz çempionlyk adyny goramagy başardy.
Zonuň yzly-yzyna gazanan ýeňişleriniň bardygyna garamazdan, ýaryşda ondan kän zada garaşylanokdy. Ol söweşleriniň köpüsini öz ýurdunda geçiripdi we şeýle derejedäki garşydaş bilen heniz duşuşyp görmändi.

Muňa garamazdan, rus boksçusy çempiona garaşylmadyk derejede güýçli garşylyk görkezdi. Altynjy raundda Zon güýçli urgulary bilen Mungiýany sarsdyryp, ony raundyň tamamlanmagyna çenli goranyşa geçmäge mejbur etdi. Şeýle-de bolsa, Mungiýanyň tejribesi söweşiň gidişini üýtgetmäge ýardam etdi. Indiki raundlarda ol has seresaply hereket edip, kem-kemden üstünlige golaýlap başlady.
Üç eminiň ählisi ýeňşi meksikaly boksça berdi. Olaryň ikisi 117:111, üçünjisi bolsa 116:112 hasabynda Mungiýanyň peýdasyna netije çykardy. Şeýlelikde, Haýme Mungiýa Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) çempionlyk guşagyny goramagy başardy.