Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) çempionlyk guşagynyň eýesi kubaly Erislendi Lara bilen tutluşar. Bu barada No Limit Boxing promouterlik kompaniýasy habar berdi.
Söweşiň geçiriljek senesi we ýeri entek belli däl. Tutluşygyň Awstraliýada geçirilmegine garaşylýar.
31 ýaşly Tim Szýu absolýut dünýä çempiony bolan öňki boksçy Kostýa Szýunyň ogludyr. Ol professional boksda 28 gezek ýeňiş gazanyp, üç gezek ýeňildi. Şeýle-de ol 2023-nji ýylyň sentýabryndan 2024-nji ýylyň martyna çenli Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) birinji orta agram derejesinde dünýä çempiony bolupdy. Gürrüňi edilýän söweş oňa indi başga bir agram derejesinde dünýä çempiony bolmaga mümkinçilik berer.
Onuň garşydaşy Erislendi Lara 43 ýaşynda bolup, ol häzirki wagtda dünýä çempionlyk guşagyna eýelik edýän iň ýaşy uly boksçudyr. Kubaly boksçy 2019-njy ýyldan bäri ýeňlişe sezewar bolman gelýär. Ol şu geçen on ýylyň dowamynda yzly-yzyna ýedi gezek ýeňiş gazandy. Laranyň professional karýerasynda 32 ýeňiş we üç ýeňliş bar, ýene üç söweşi bolsa deňlik bilen tamamlandy.