Toni Fergýuson öňki futbolça garşy boks söweşinde çempionlyk titulyny gorar

Şu gün, 15:13928
1 / 3

UFC-niň ýeňil agramda öňki wagtlaýyn çempiony Toni Fergýuson 2026-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Maýamidäki «Misfits Boxing» ýaryşynyň çäklerinde boks düzgünleri boýunça nobatdaky duşuşygyny geçirer. 42 ýaşly amerikaly türgen öňki futbolçy Kenzo Biong bilen tutluşyp, orta agramda çempionlyk guşagyny gorar.

Boks söweşi bäş raund dowam eder.

Ýatlap geçsek, Toni Fergýuson yzygiderli sekiz ýeňlişden soň 2024-nji ýylda UFC-den çykarylypdy. Şol sebäpli ol pop-boks we göreş ugurlaryna üns berip başlady. Häzir Fergýuson Misfits ligasynda ýeňlişsiz barýar (2-0): 2025-nji ýylyň awgustynda ol bloger Salt Papini nokauta düşürip, wagtlaýyn guşagy eýeledi, şol ýylyň 20-nji dekabrynda bolsa bloger Worren Spenseri eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňip, Misfits Boxing-iň doly derejeli titulyny aldy.

28 ýaşly Kenzo Biong Kamerunyň futbol boýunça U23 ýygyndy toparynda goragçy ornunda çykyş etdi. Karýerasyny tamamlandan soň, göreş bilen meşgullanyp, Niderlandlaryň çempiony boldy. 2024-nji ýylyň aprelinde bolsa UFC BJJ ýaryşynda tutluşyk geçirdi. Öňde duran çempionlyk söweşi onuň üçin boks düzgünleri boýunça ilkinji söweş bolar.

26-njy sentýabrdaky ýaryşyň esasy duşuşygynda bolsa UFC-niň öňki çempiony Genri Sehudo bilen bloger Deen the Great tutluşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.