Stiw Jobsuň mekdep döwründe taýýarlan taslamasy satuwa çykaryldy

Şu gün, 20:55687
1 / 6

Stiw Jobsuň elektronika boýunça işläp taýýarlan mekdep taslamasy auksiona çykaryldy. Apple kompaniýasynyň geljekki esaslandyryjysy ony sekizinji synpda okaýarka ýygnapdyr diýip, «9to5Mac» ýazýar.

1968-nji ýylyň 29-njy fewraly bilen senelenýän «Tiristor näme?» atly diwarlyk iki sany görkezme shemasyndan, 10 sahypalyk hasabatdan hem-de Jobsuň elde çyzan çyzgylaryndan ybaratdyr.

Taslama uzynlygy 81 santimetr bolan fanerden ýasalyp, onuň ýanyna ylmy bäsleşigiň eminleri üçin enjamyň işe girizilişi hakynda gözükdiriji goşulan. 

Şol gözükdirijisinde Stiw enjamy görkezişden soň tokdan öçürmegiň zerurdygyny iki gezek dagy ýaňzydypdyr. Munuň sebäbi uzak wagtlap işledilende shemalaryň aşa gyzmak töwekgelçiligi bilen bagly bolsa gerek.

Habar çap edilende taslama teklip edilýän puluň möçberi 3000 dollara barabardy, ýöne guramaçylar oňa bolan gyzyklanmanyň artmagyna garaşýar.

Taslama Apple kompaniýasynyň 50 ýyllygyna bagyşlanyp, RR Auction tarapyndan guralan «Steve Jobs & the Computer Revolution: The Apple 50th Anniversary Auction» auksionynyň ikinji bölegine girýär. Umuman, auksiona 200-den gowrak lot çykaryldy.

Esasy lot 1977-nji ýylda öndürilen «Neumark» atly henizem işleýän Apple I kompýuteri boldy. Ol 50 kompýuterden ybarat ikinji tapgyra degişli bolup, Apple-iň döredilen ilkinji ýyllarynda şahsy kompýuter hökmünde ulanylandygyny tassyklaýan resminamalar arhiwi bilen bilelikde hödürlenýär.

Ýene-de bir belläp geçilmeli lot — ilkinji iPod-yň prototipi bolan Apple P68 Stealth iPod-dyr. Gurluşyň ulaldylan korpusy inženerler tarapyndan onuň enjamlaýyn bölegi we programma üpjünçiligi kämilleşdirilýänçä, geljekki guralyň hakyky ölçeglerini gizlin saklamaga ýardam edipdir.

Prototipi ilkinji iPod-y işläp düzmek maksatnamasynyň menejeri Jim Dýumon saklap galypdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.