Alymlar ýer astynda bukulyp ýören balygy TikTokda tapdylar

Düýn, 23:298,577

Hindistanyň Milli bioköpdürlilik institutynyň ihtiolog alymlary TikTok sosial torunda ýerleşdirilen höwesjeň wideonyň kömegi bilen ylmy açyş etdiler.

Ýurduň Kerala ştatyndaky oba ýaşaýjysy çuň guýyny arassalaýan mahalynda düşüren wideosyny köpçülige paýlaşandan soň, ondaky täsin şekiller alymlaryň ünsüni özüne çekdi.

Wideodaky erkek kişi ýiti gyzyl reňkli, daşky görnüşi ýagyş gurçugymydyr inçejik ýylany ýatladýan kiçijik, müňküldäp duran jandarlary görkezdi. Ýazgy boýunça jandaryň görnüşini anyklap bilmedik gözlegçiler janly nusgalary toplamak üçin şol ýere ekspedisiýa guradylar.

Anatomik seljerme we DNT yzygiderliligini anyklama tehnologiýasynyň kömegi bilen şol tapylan jandarlaryň heniz ylma nätanyş görnüşe degişlidigi tassyklanyldy. Oňa Gang derýasynyň şanyna Gangaichthys indonepalicus diýip at berdiler.

Bölünip galan suwly gatlaklaryň tüm garaňkylygynda geçen millionlarça ýyllyk ewolýusiýa bu jandaryň daş keşbinde täsirini galdyrypdyr: balyklar gözlerini, teňňelerini we ýüzüş düwünçegini bütinleý ýitiripdirler. Olaryň süňkleri-de aňyrsy görnüp duran derejä ýetip, deriniň içindäki gan damarlaryny-da aňsat saýgaryp bolýar.

Biologlar eger şol wideo TikTok-da tötänleýin paýlaşylmadyk bolsa, onlarça metr çuňlukdaky barylmasy kyn bolan ýerasty suwlarda ýaşaýan bu görnüşiň ylym üçin hemişelik gizlinligine galyp biljekdigini nygtaýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.