Täze Daşkentdäki suw çüwdürimi Ginnesiň iki rekordyny goýdy

Düýn, 16:307,144
1 / 4

Özbegistanyň Täze Daşkent şäherinde gurlan aýdym-sazly suw çüwdürimi «Guinness World Records-yň» birbada iki dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Täze Daşkent şäheriniň gurluşygy boýunça müdirligi habar berdi.

Birinji rekord suw çüwdüriminiň beýikligi bilen baglanyşykly boldy. Ol 232,69 metr beýikligi bilen dünýäde açyk howada ýerleşýän aýdym-sazly çüwdürimleriň arasynda iň beýigi diýlip ykrar edildi.

Öňki rekord (204,7 metr) Hytaýyň Szýansu welaýatyndaky çüwdürime degişlidi.

Ikinji dünýä rekordy meýdany 2617,23 inedördül metr bolan tegelek suw ekranyna proýeksiýa bermek bilen baglydyr. Mundan öň şeýle görnüşli iň uly proýeksiýanyň meýdany 2400 inedördül metre deňdi.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň üstünlikleri tassyklaýan şahadatnamasy resmi emin Meggi Luo tarapyndan gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.