Bişkekde dünýäde iň uly çuçuk — atyň etinden adaty şöhlat taýýarlandy. Onuň uzynlygy 128 metre ýetdi, taýýarlamak üçin bolsa 400 kilogram et sarp edildi.
Tagam alty sagatdan gowrak wagtyň dowamynda gaýnadyldy we Çuý welaýatynyň 100 ýyllygy munasybetli geçirilen baýramçylygyň esasy nygmaty boldy.
Öňki rekord hem Gyrgyzystanyň paýtagtynda goýlupdy: şonda ýerli aşpezler uzynlygy 117 metr bolan şöhlaty hödürledi, şeýle hem agramy tas 1,5 tonna ýetýän rekord möçberde bäşbarmak taýýarlady.

Çuçuk (ýa-da kazy) türki halklaryň arasynda at içegesinden taýýarlanyp, et we ýag bilen doldurylýan giňden ýaýran tagamdyr. Ol özbaşdak tagam hökmünde ýa-da bäşbarmak bilen bilelikde äberilýär. Bu nygmat Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we beýleki sebitleriň, şol sanda Tatarystanyň ýaşaýjylaryna gowy tanyşdyr.