Şotlandiýaly dijeý we aýdym-saz prodýuseri Kelwin Harris bir artistiň geçiren DJ çykyşyna iň köp tomaşaçynyň gatnaşmagy boýunça täze rekord bilen Ginnesiň kitabyna girdi. Onuň Braziliýanyň San-Paulu şäherindäki konsertine 1,6 million töweregi adamy bardy diýip, BBC habar berýär.
Konsert fewral aýynda geçirilipdi, emma rekord diňe indi resmi taýdan tassyklandy.
Tomaşaçylaryň sanynyň köplügi sebäpli konsert wagty şäheriň käbir köçelerini wagtlaýyn ýapmaly bolupdyr. Howanyň aşa yssylygy zerarly käbir tomaşaçylar huşundan gidipdir.

Harris Braziliýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesinde çykyş etdi. Onuň arkasynda «Calvinho» diýlip ýazylgydy. Bu onuň adynyň portugalça görnüşi.
Konsertiň dowamynda DJ iň meşhur aýdymlaryny, şol sanda «One Kiss» we «We Found Love» eserlerini ýerine ýetirdi. Rekord resmi taýdan tassyklanandan soň, Harris sosial ulgamlarynda ony begenç bilen teswirledi:
«OHO! Indi meniň dünýä rekordym bar... özem Braziliýada!!!».

Bu sazandanyň Ginnesiň rekordlar kitabyndaky ilkinji üstünligi däl. 2014-nji ýylda onuň bir albomdan 18 aýyň dowamynda çykan dokuz aýdymynyň Beýik Britaniýanyň hit-paradynyň ilkinji onlugyna girmegi rekord hökmünde hasaba alnypdy.
Şeýle-de Harris ozal bir ýylyň dowamynda iň köp girdeji gazanan DJ hökmünde hem rekordlar kitabyna giripdi. 2015-nji ýylyň iýun aýyndan 2016-njy ýylyň iýun aýyna çenli onuň girdejisi takmynan 51 million funt sterling (takmynan, $67,4 million) bolupdy.