Aýdymçylar Reý we Rozaliýa «Gremmi-2027» baýragyna esasy dalaşgärler boldy

Şu gün, 13:201,461

ABŞ-nyň Milli ses ýazgy akademiýasy 2027-nji ýylyň «Gremmi» aýdym-saz baýragyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Baýraga esasy dalaşgär 11 nominasiýada görkezilen britan pop-aýdymçysy Reý (Raye, hakyky ady — Reýçel Agata Kin) boldy diýip, Reuters agentligi ýazýar.

Ispan aýdymçysy Rozaliýa dokuz nominasiýada dalaşgär görkezildi. Aýdymçylar Ella Lengliniň, Miranda Lambertiň, Oliwiýa Rodrigonyň we Fibi Brijersiň hersi ýedi nominasiýa, Teýlor Swift bolsa bäş nominasiýa eýe boldy.

Esasy kategoriýalar boýunça «Gremmi» baýragyna dalaşgärler:

«Ýylyň ýazgysy»

  • Oliwiýa Din — «Man I Need»
  • Ella Lengli — «Choosin' Texas»
  • Bruno Mars — «I Just Might»
  • Reý — «Where Is My Husband!»
  • Oliwiýa Rodrigo — «The Cure»
  • Rozaliýa, Býork, Yves Tumor — «Berghain»
  • Teýlor Swift — «The Fate of Ophelia»
  • Tame Impala, Jennie — «Dracula»

«Ýylyň albomy»

  • Fibi Brijers — «Lost Weekend»
  • Oliwiýa Din — «The Art of Loving»
  • Ella Lengli — «Dandelion»
  • Bruno Mars — «The Romantic»
  • Reý — «This Music May Contain Hope»
  • Oliwiýa Rodrigo — «You Seem Pretty Sad For A Girl So In Love»
  • Rozaliýa — «LUX (Complete Works)»
  • Teýlor Swift — «The Life of a Showgirl»

«Ýylyň aýdymy»

  • Býork, Noa Goldsteýn, Jek Miller, Rozaliýa, Dilan Wiggins — «Berghain»
  • Lýuk Dik, Miranda Lambert, Ella Lengli, Joýbet Teýlor — «Choosin' Texas»
  • Deniel Nigro, Oliwiýa Rodrigo — «The Cure»
  • Ariana Grande, Maks Martin, Iliýa — «Hate That I Made You Love Me»
  • Jek Antonoff, Teýlor Swift — «I Knew It, I Knew You (from Toy Story 5)»
  • Oliwiýa Din, Tobias Jesso, Zak Nahomi — «Man I Need»
  • Dernst Emil II, Jeýms Fontleroý, Filip Lourens, Bruno Mars — «Risk it All»
  • Reý, Maýk Sabat — «Where Is My Husband!»

«Iň gowy täze artist»

  • Angine de Poitrine
  • Geese
  • Ella Lengli
  • Slayyyter
  • Sienna Spiro
  • Don Toliwer
  • Remi Wulf
  • The Womack Sisters

Wizual media üçin iň gowy saundtrek (Best Score Soundtrack For Visual Media):

  • «Odisseýa» — kompozitor Lýudwig Ýoransson
  • «Bir söweşden soň beýleki» (One Battle After Another) — kompozitor Jonni Grinwud
  • «Ahyrzaman taslamasy» (Project Hail Mary) — kompozitor Deniel Pemberton
  • «Mandalorly we Grogu» (Star Wars: The Mandalorian and Grogu) — kompozitor Lýudwig Ýoransson
  • «Dullar aýlagy» (Widow's Bay) — kompozitor Dewid Fleming

«Gremmi» baýragynyň 69-njy gowşurylyş dabarasy 2027-nji ýylyň 7-nji fewralynda Los-Anjelesde geçiriler.