ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda ýaşaýan Jenni atly at resmi taýdan dünýäde iň uzyn guýrukly bedew hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň guýrugynyň uzynlygy 412,62 santimetre ýetýär.
Makkenzi Lou bilen Reýçel Estesiň eýeçiligindäki bu at Spring-Welli şäheriniň atçylyk mekdebinde ýaşaýar. Eýeleri onuň guýrugyny ýedi ýyllap yhlas bilen ösdüripdirler. Netijede, täze rekord 2007-nji ýylda JJS Summer Breeze atly baýtalyň goýan öňki rekordyndan, takmynan, 32 santimetr uzyn boldy. Şol baýtalyň guýrugynyň uzynlygy 381 santimetre ýetýärdi.
Makkenzi Louwyň aýtmagyna görä, Jenni olaryň eýeçiligine geçmezden öň, öz guýrugyny bir gezek düýbünden ýolup aýran eken. At satyn alnanda onuň guýrugy eýýäm ýere ýetipdir, ýöne şonda-da ol ösmegini dowam etdiripdir. Şeýlelikde, atyň eýeleri dünýä rekordyny goýmagy synap görmek kararyna gelipdirler.

Guýruga serenjam bermek dört-bäş sagat wagt alýar. Takmynan aýda bir gezek guýrugy ýuwýarlar, ýörite serişdeler bilen ideg edip, ony guradýarlar. Soňra ony düwünlerden açyp, zeper ýetmez ýaly örýärler. At tötänleýin guýrugynyň üstüne basmaz ýaly, oňa ýörite daşlyk geýdirýärler.
Jenni uzyn we gür guýruklary bilen tanalýan amerikan müngi atlarynyň tohumyna degişlidir.
Mundan ozal Ginnesiň rekordlar kitaby dünýädäki bar bolan atlaryň arasynda iň beýigini hem yglan edipdi. Şaýr tohumly Hýugonyň duran ýerinden beýikligi 199 santimetre ýetýär.