Daşkentde «CCA Tashkent» ady bilen Özbegistandaky ilkinji Häzirki zaman sungat merkezi açyldy. Ol dürli döwürlerde tramwaý deposy we dizel elektrik stansiýasy hökmünde ulanylan 1912-nji ýylda gurlan taryhy binada ýerleşdi.
Geçen asyryň başynda binanyň taslamasyny arhitektor Wilgelm Geýnselman taýýarlapdyr. Elektrik stansiýasy Daşkent şäherindäki ilkinji tramwaý liniýasyny energiýa bilen üpjün edipdir. Binany abatlamak we täzeden enjamlaşdyrmak işlerini bolsa Marrakeşdäki Iwan Sen-Loran muzeýiniň taslamasy bilen tanalýan fransiýaly «Studio KO» arhitektura býurosy ýerine ýetiripdir.
Arhitektorlar binanyň taryhy keşbini saklamak bilen bir hatarda, onuň içki giňişligini sergi zallarynyň talaplaryna laýyklykda üýtgedipdir. Býurony esaslandyryjylaryň biri Oliwýe Martiniň aýtmagyna görä, dizel zaly «Tate Modern» muzeýiniň turbina zalynyň äheňinde döredilipdir.

Merkeziň ilkinji sergisi doktor Sara Razanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan «Hikmah» («Paýhas») atly ekspozisiýa boldy. Sergide dürli ýurtlaryň suratkeşleriniň ýerli däp-dessurlar, ruhy miras we häzirki zaman sungatynyň özara baglanyşygyny açyp görkezýän eserleri ýerleşdirildi.

Gatnaşyjylaryň arasynda Muhannd Şono, Nari Word, Şohruh Rahimow, Tarik Kiswanson, Kimsuja, Ali Şerri, Nadýa Kaabi-Linke, Wladimir Pan, Daribaý Saipow we Bahtiyar Saipow dagy bar.
Olaryň arasynda tunisli suratkeş Nadýa Kaabi-Linkeniň Guggenhaým muzeýiniň toplumyndan metal «uçýan halylar» atly eseri hem bar. Şeýle-de myhmanlar koreý suratkeşi Kimsujiniň «Aň arhıwleri» atly installýasiýasyndan ylham alyp, palçykdan kiçijik heýkeljikleri özleri döredip bilerler.

CCA Tashkent-de kitaphana we barlag merkezi hem hereket edýär. Taslama Guggenhaým muzeýi, «Tate Modern» we Pompidu merkezi ýaly iri halkara medeni edaralar tarapyndan hem goldaw tapdy.

Guramaçylar bu merkeziň özbegistanly we daşary ýurtly döredijiler, suratkeşler, ýolbaşçylar, barlagçylar hem-de ýaşlar üçin özüne çekiji medeni merkeze öwrüljekdigine umyt bildirýär. Maksatnama laýyklykda, ol täze pikirleriň döreýän, hünär gatnaşyklarynyň ýola goýulýan we Özbegistanyň medeni kuwwatyny halkara derejesinde tanatmaga gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilýän möhüm meýdançasyna öwrülmelidir.