24–28-nji awgust aralygynda Özbegistanyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forumy geçirilýär. Onuň çäginde gatnaşyjylar yslam siwilizasiýasynyň taryhyny we medeni mirasyny şöhlelendirmegiň çemeleşmelerini, şeýle hem maglumat çygrynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşýar.
Giň möçberli çärä dünýäniň 50-den gowrak döwletinden 300-e golaý žurnalistler, media hünärmenleri, alymlar, prodýuserler we bilermenler gatnaşýar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem bar.
Forumyň açylyş dabarasy Özbegistanyň Yslam siwilizasiýasynyň merkezinde geçirildi. Gatnaşyjylar binanyň eýwanynda guralan mowzuklaýyn sergi, muzeý gymmatlyklary, multimediýa tehnologiýalary hem-de ylmy taslamalar bilen tanyşdy.
Soňra başlanan umumy mejlisde taryhy wakalary we medeni gymmatlyklary öwrenmegiň we giň köpçülige hödürlemegiň guraly hökmünde dokumental filmleri ösdürmek, taryhy maglumatlary ylmy esasda öwrenmek we neşirýat işini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aýratyn mowzuk sanly tehnologiýalaryň media ulgamyna ýetirýän täsirine bagyşlandy. Hünärmenler yslam dünýäsiniň taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly media-materiallary döretmek, saklamak we ilerletmek üçin täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy.
Forumyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we žurnalistika hünäriniň talyplary üçin ussatlyk sapaklary guraldy.

Maksatnama laýyklykda, 25-nji awgustda Yslam siwilizasiýasynyň merkeziniň ýüz tarapynda multimedia mepping-şüweleňi geçiriler. Binanyň fasady yslam siwilizasiýasynyň taryhynyň we mirasynyň wizual beýanyna öwrüler. Şunda yşyk proýeksiýalary, aýdym-saz, animasiýa we sanly sungat birleşdiriler. Mepping tehnologiýasynyň kömegi bilen şekiller binanyň binagärlik elementleri göz öňünde tutulyp, göni onuň fasadyna geçiriler. Bu hem bina hereket edýän we üýtgeýän ýaly illýuziýany döreder.
27-nji awgustda media forum Samarkant şäherinde dowam eder we gatnaşyjylar taryhy-medeni ýadygärlikler bilen tanyşmak mümkinçiligini gazanar. 28-nji awgustda bolsa forumyň jemleýji umumy mejlisi we ýapylyş dabarasy geçiriler.