Çarwadarlar oýunlary tamamlandy: türkmen pälwanlary 11 medal gazandy

Şu gün, 17:312,144
1 / 11

Gyrgyz Respublikasynda 31-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda dowam eden VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Adaty sporty, medeniýeti we etnosporty birleşdirýän bu halkara ýaryş çarwadar halklarynyň medeniýetini wagyz etmäge gönükdirilýär.

Bäsleşikler ýurduň iň gowy meýdançalarynda — «Bişkek-arena» stadionyndan başlap, Kyrçyn meýdançasynda we Çolpon-Atadaky aýlawda ýaýbaňlandyryldy.

Oýunlara dünýäniň 106 ýurdundan 3 000-e golaý türgen gatnaşyp, 43 sport görnüşi boýunça bäsleşdi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça, medal sanawynda Gazagystan birinji orny eýeledi. Ikinji orunda Gyrgyzystan, üçünji orunda bolsa Russiýa ýerleşdi.

Ýaryşlarda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna 14 pälwan bilen 7 tälimçi wekilçilik etdi. Türgenler oýunlarda üstünlikli çykyş edip, jemi 11 medal – 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç gazandy.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýaryşyň ilkinji günlerinde türkmen türgenleri milli göreş we kuraş, şeýle-de nusgawy we erkin görnüşde geçen «alyş» göreşi boýunça alty medala (iki altyn, üç kümüş we bir bürünç) mynasyp boldy. Soňra milli ýygyndynyň hasabyna ýene 5 bürünç medal goşuldy:

  • Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg-den ýokary) – ssirym koreý göreşi;
  • Atageldi Tejendurdyýew (84 kg çenli) – gyrgyz göreşi;
  • Begli Hojammaýew (100 kg-den ýokary) – täjikleriň milli guşakly göreşi;
  • Serdar Babamyradow (60 kg çenli) – gazak göreşi;
  • Zyýamuhammet Saparow (100 kg-den ýokary) – güleş azerbaýjan göreşi.

Umumy medal sanawynda, Türkmenistan ýedinji orunda ýerleşdi.

VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň maksatnamasy güýç we intellektual oýunlardan başlap, täsirli atly sport görnüşlerine çenli dürli etnosport ugurlaryny öz içine aldy. Tomaşaçylar çarwadarlar medeniýetiniň ruhuny şöhlelendirýän birnäçe gyzykly we tolgundyryjy bäsleşiklere tomaşa etdi:

Kök-börü: Çapyksuwarlar çebşiň läşine eýe çykmak we ony garşydaşynyň «gazanyna» zyňmak boýunça bäsleşýär.

Er-eňiş: At üstündäki adaty gyrgyz göreşi bolup, onda iki çapyksuwar bäsdeşini ýalaň el bilen eýerden ýykmaga ýa-da ony ýere degirmäge çalyşýar.

Oýunlaryň iň gyzykly ýaryşlarynyň ýene biri 400 kilogramlyk «düýäni» götermek boldy. Şunda absolýut agram derejesindäki pälwanlar düýe şekilindäki metal gurluşy göterip, bäş metr aralygy geçýär. Ýaryşda eýranly pälwan ýeňiji boldy.

Şeýle-de, Oýunlaryň çäklerinde güýçli urgy bilen bir gezekde iri şahly malyň oňurga süňküni döwmek boýunça bäsleşik, bürgütler we laçynlar, şeýle-de taýganlar bilen aw oýunlary (salbuurun), ýaý atmak boýunça ussatlaryň ýaryşy hem-de dürli güýç synanyşyklary geçirildi.

Medeni maksatnamanyň iň täsirli şüweleňleriniň biri bolsa «Otly çapyksuwar» boldy. Onuň dowamynda ýörite oda çydamly geýimdäki çapyksuwar öz üstüne we atyna ýangyç guýup otlaýar. Soňra lowlap duran alaw bilen tomaşaçylaryň öňünden ýokary tizlikde çapyp geçýär. Bu howply tilsim gyrgyz kaskadýorlary tarapyndan oýlanyp tapyldy.

Çolpon-Atadaky aýlawda geçen ýapylyş dabarasy VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlaryny jemledi. Dabara täsirli dron şüweleňi bilen bezeldi: ýüzlerçe dronlar gijeki asmana galyp, çapyp barýan atlylaryň, pälwanlaryň we kethudanyň şekillerini emele getirdi.

Dron şüweleňinden soň «AY YOLA» etno-toparynyň, ekwadorly fleýtaçy Leo Rohasyň we «Gipsy Kings» toparynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Dabaraly agşam baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlandy.

Şondan soň estafeta 2028-nji ýylda VII Bütindünýä çarwadarlar oýunlaryny kabul ediji hökmünde Kazana geçdi. Ýaryşlaryň esasy nyşany bolan «Birlik kerweni» Russiýanyň wekiliýetine gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.