Türkmen türgenleri Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň 6 medalyna mynasyp boldy

Düýn, 18:143,007
1 / 2

Şu günler Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde dowam edýän VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy alty medal gazandy. Türkmen türgenleriniň hasabynda häzirlikçe iki altyn, üç kümüş we bir bürünç medal bar.

Altyn medallary türkmen milli göreşi boýunça 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden Annagurban Allaberdiýew we «alyş» guşakly göreşiniň erkin görnüşinde 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden Nurmuhammet Baýdogdyýew gazandy.

«Alyş» guşakly göreşinde türkmen türgenler üç sany kümüş medala mynasyp boldy: Mekan Nurberdiýew (nusgawy görnüş, 80 kg çenli), Abdyresul Durdyýew (erkin görnüş, 60 kg çenli) we Sylapberdi Nuryýew (erkin görnüş, 80 kg çenli).

Bürünç medaly bolsa 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde kuraş boýunça çykyş eden Kemal Kemalow gazandy.

Ýaryşlaryň ýeňijilerine 100 müň som, kümüş medal eýelerine 80 müň som, bürünç medal alanlara bolsa 50 müň som möçberinde pul baýraklary berildi.

VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary 31-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýär. Oňa dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan türgenler gatnaşyp, etnosportuň 43 görnüşi boýunça bäsleşýärler.

Oýunlar iki ýyldan bir gezek geçirilýär we Merkezi Aziýa halklarynyň medeni mirasyny, milli däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.