20th Century Studios kompaniýasy äpet kaşalot läheňi tarapyndan ýuwdulyp, daşyna çykyp bilmegi üçin bary-ýogy bir sagatjyk wagty galan ýaş ýigit barada gürrüň berýän «Kitiň garnynda» (Whalefall) filminiň täze treýlerini hödürledi.
Filmde baş keşbi «Eýforiýa» (Euphoria) serialy we «Ýarag» (Weapons) filmi arkaly tanalýan Ostin Abrams ýerine ýetirýär. Onuň kakasynyň keşbinde bolsa Joş Brolin çykyş edýär.
Sýužete görä, Jeý Gardiner kakasy aradan çykandan soň, onuň sonky wesýetini berjaý etmek üçin Merkezi Kaliforniýanyň kenarýakasyna ugraýar. Ol ummana çümeninde äpet kaşalot läheňine sataşýar we netijede haýwanyň garnyna düşýär.
Jeýiň diňe bir sagada ýeterlik kislorody bar. Daşky dünýä bilen aragatnaşyk ýok, şol sebäpli ol bu ölüm ysly duzakdan sypmagyň alajyny özbaşdak agtarmaly bolýar.
Film Deniel Krausyň adybir romany esasynda, «Hiç kim seni halas etmez» (No One Will Save You) filmi bilen tanalýan režissýor Braýan Daffild tarapyndan düşürildi. Ssenariýany bolsa Krauss bilen Daffild bilelikde ýazdylar.
Filmi döredijiler ekrandaky wakalary mümkün boldugyça ynandyryjy etmek üçin läheňleriň tebigatyna belet hünärmenlerden maslahat aldylar. Ýöne dartgynlyk üçin käbir ýagdaýlary birneme «çişirmeli» hem boldular.