Fransiýanyň günorta-günbatar bölegine weýran ediji tüweleý gelip, 300-e golaý öýe zeper ýetirdi we azyndan 41 adamyň şikes almagyna sebäp boldy.
Iň köp ýitgi çeken, takmynan, müň adamlyk ilatly Od departamentindäki Pomas obasy boldy. Météo-France meteogullugynyň maglumatyna görä, bu ýerde tizligi sagatda 117 kilometre ýetýän ýel turdy.
Ýetirilen maddy zyýan çökder boldy. Tüweleý öýleriň köpüsiniň üçeklerini sogurdy, binalaryň käbirine ýarym-ýalta zeper ýetse, käbiri doly weýran boldy.
Ejir çeken 15 kişi hassahana ýerleşdirildi. Olaryň arasynda öýüň bir bölegi ýykylanda şikes alan hamyla zenan hem bar.
Sişenbe güni halas edijiler öýüň harabalyklarynyň astyndan dereksiz ýitendir öýdülen iki adamy tapdylar. Olaryň ikisine-de agyr şikes ýetmän eken. Olara lukmanlar kömege ýetişdi.
Fransiýanyň günorta-günbataryndaky birnäçe etrapda häkimiýetler duýduryşyň «mämişi» derejesini yglan etdiler.
Tebigy betbagtçylyk ulag gatnawyna hem düýpli täsir etdi. Bordo, Marsel, Nitsa, Tuluza we Pariž aeroportlarynda gatnawlar saklandy ýa-da wagtyndan gijikdirildi.
Od departamentinde güýçli doly ýagmagy sebäpli «Ispaniýa Wueltasy» welo-ýaryşynyň üçünji tapgyry ýatyryldy.
Sebitiň on sany ilatly nokadynda 2800-e golaý öý hojalygy toksuz galdy. Düzgünleşdiriji gulluklar çekilen zyýanyň bahasyny kesgitlemegi we zeper ýeten desgalary dikeltmegi dowam edýärler.
Météo-France gullugy Fransiýada her ýyl onlarça tüweleýiň hasaba alynýandygyny belleýär.