Tramp ABŞ-nyň Kosmos akademiýasynyň döredilýändigini yglan etdi

Şu gün, 09:25977
1 / 3

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň Kosmos akademiýasyny (U.S. Space Academy) döretmek barada permana gol çekdi. Bu barada NBC News habar berýär.

Tramp täze harby akademiýanyň dörediljekdigini Hýustonda, NASA-nyň Jonson kosmos merkezine amala aşyran saparynyň barşynda yglan etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu karar ABŞ-nyň kosmos güýçleriniň we täjirçilik kosmos pudagynyň ösdürilmegi, şeýle hem Amerikanyň Aýy we has uzakdaky kosmos giňişligini özleşdirmek baradaky meýilnamalary bilen baglanyşyklydyr.

«Biziň zerur işlerimizi amala aşyrmak üçin ýokary hünär taýýarlykly harby gullukçylarynyň, inženerleriň, raýat operatorlarynyň we beýleki ähli hünärmenleriň tutuş bir neslini okatmak gerek» diýip, amerikan lideri belledi.

Täze okuw mekdebiniň takyk nirede ýerleşjekdigi entek kesgitlenmedi. Tramp ýeri «iň ýakyn wagtda» saýlajakdygyny wada berdi.

Sapar wagtynda prezident şeýle-de Artemis II missiýasynyň ekipažyna kongresiň kosmos hormat medalyny gowşurdy. Bu missiýanyň astronawtlary şu ýylyň başynda Aýyň daşyndan uçuş amala aşyrypdylar. Mundan başga-da, Tramp Hýustondaky Uçuşlara gözegçilik merkezinden Halkara kosmos stansiýasynyň ekipažy bilen habarlaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.