3,7 milliard ýyl öň bu ýerden suw akypdyr: Marsdaky gadymy krateriň täze suratlary görkezildi

Şu gün, 13:211,220
1 / 2

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) «Mars Express» orbita enjamy arkaly alnan Marsyň täze suratlaryny çap etdi. Olarda planetanyň Günorta belentlikleri we ägirt uly Skiaparelli krateri şekillendirilen.

Takmynan, 3,7 milliard ýyl ozal bu ýerleriň howasy has ýyly we çygly bolupdyr, ýer üstünden suw akymlary akyp geçipdir. Krateriň diametri 460 kilometre ýetýär. Ol kraterlere baý bolan Günorta belentliklerde ýerleşýär.

Täze barlaglar üçin planetanyň üstüni birbada birnäçe ugurdan we dürli spektral diapazonlardan surata alýan «High Resolution Stereo Camera-sy» ulanyldy. Bu mars relýefiniň reňkli üç ölçegli (3D) modellerini döretmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda krater o diýen çuň däl diýlip hasaplanylýar. Emele gelen wagty onuň oýluk ýeri ep-esli çuň bolup, ol milliardlarça ýyllaryň dowamynda çökündi jynslar bilen dolupdyr. Bu jynslary ýel we gadymy suw akymlary, şeýle-de wulkan işjeňligi, Mars bilen çaknyşan asteroidleriň zyňyndy maddalary üýşüripdir.

Kratere 1877-nji ýylda Marsyň jikme-jik kartasyny düzen italiýaly astronom Jowanni Skiaparelliniň ady dakylypdyr. Ol «canali» (akymlar) sözüni ulanypdyr, ýöne bu söz ýalňyşlyk bilen «canals» (kanallar) görnüşinde terjime edilipdir. Bu bolsa Marsda emeli kanallar ulgamynyň bardygy baradaky çaklamanyň döremegine getiripdir.

«Mars Express» 2003-nji ýyldan bäri Marsyň orbitasynda hereket edýär. Ol planetanyň üç ölçegli kartalaryny döretmek üçin jikme-jik maglumatlary ýygnaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.