Kosmosy öwrenmäge taýýarmy? Türkmenistanda NASA Space Apps Challenge hakatony geçer

Şu gün, 18:10583
1 / 2

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Amerikan merkezi mekdep okuwçylaryny, talyplary, programmistleri, höwesjeň alymlary we ylma gyzyklanma bildirýänleriň ählisini «NASA Space Apps Challenge 2026» halkara hakatonyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik 14–15-nji noýabrda Amerikan merkezinde geçiriler. Gatnaşyjylary hasaba alyş 26-njy awgustda açyldy.

Hakaton şu ýyl «Täze gözýetimleri öwrenmäge taýýar bol!» (Get ready to explore The Next Frontier!) mowzugy astynda geçer. Gatnaşyjylara kosmosy özleşdirmek, ekologiýa we döwrebap tehnologiýalar bilen baglanyşykly ýumuşlary çözmek üçin NASA-nyň açyk ylmy maglumatlaryny peýdalanmak mümkinçiligi berler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, hakatonyň esasy maksady kosmos barlaglarynyň çäginde alnan ylmy maglumatlary hem-ä Ýerde, hemem Aýa we Marsa uçuryljak missiýalarda peýdaly bolup biljek amaly çözgütlere öwürmekdir.

Ýaşyna, taýýarlyk derejesine we hünär tejribesine garamazdan, bäsleşige höwes bildiren islendik adam gatnaşyp biler. Gatnaşmak mugt. 18 ýaşdan kiçi gatnaşyjylar üçin ata-enesiniň ýa-da kanuny hossarynyň hasaba durmagy gerek, ol çäräniň dowam edýän döwründe-de ýaşy ýetmedik gatnaşyja hemra bolmalydyr.

Iki günlük hakaton tamamlanandan soň, taslamalara NASA-nyň bilermenleri we kosmos pudagynyň hünärmenleri baha berer. 2026-njy ýylyň dekabr aýynda guramaçylar global nominantlary we finalçylary yglan eder, bäsleşigiň ýeňijileri bolsa 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda belli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.