Almaty şäheriniň käbir ýerleri bir ýylyň dowamynda 9,5 santimetr çöküp, beýleki bir ýerleri bolsa 5 santimetr ýokary göterilýär.
Nazarbaýew Uniwersitetiniň we Ionosfera institutynyň alymlary sebitiň relýefine 2017-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli aralykda ýedi ýyllap geçirilen hemra arkaly gözegçilikleri derňäp, üýtgeşmeleri ýüze çykardylar.
Iň güýçli we mese-mälim üýtgeşmeler Almatynyň merkezinde - edil Merkezi Almaty tektonik jaýrygynyň ugrunda örän çalt ýagdaýda bolup geçýär. Bu ýerde şäheriň günorta (daglyk) bölegi ýokary galyp, demirgazyk (peslik) bölegi aşak çökýär.
«Bu sebite tektonik plitalarynyň dowam edýän çaknyşmalary bilen bagly çylşyrymly prosesler täsir edýär. Biz ýer gatlagynyň dikligine hem-de keseligine süýşüşini görýäris. Oňa görä, käbir etraplar ýokary galýar ýa-da aşak çökýär, beýlekileri bolsa günbatara ýa-da gündogara tarap süýşýär» diýip, taslamanyň ýolbaşçysy, Nazarbaýew Uniwersitetiniň mugallymy Emil Baýramow gürrüň berýär.
Aýdylyşy ýaly, alymlar dikligine hereketlerden başga-da, ýer üstüniň keseligine süýşmelerini hem hasaba aldylar. Bu süýşmeler käbir ýerlerde günbatardan gündogara we demirgazykdan günorta tarap ýylda 21 santimetre çenli ýetýär.
Alymlar bu hereketleriň ýertitremäni öňünden kesgitlemekde kynçylyk döretjekdigini belleýärler. Şeýle-de bu ýerlerde gurluşyk işleriniň geçirilmegi hem-de ýerasty suwlarynyň aşa köp sorulyp alynmagy, şu çäklerde ýeriň relýefiniň has çalt üýtgemegine sebäp bolup biler.