Ýeriň golaýyndan umman planetasy tapyldy. Ony bahym öz ýyldyzy ýuwudar

Şu gün, 19:001,194

Halkara astronomlar topary HD 176071 b atly takmynan ýarysy suwdan ybarat bolan adaty däl ekzoplanetany tapdy. Ol Ýere görä gaty uzakda bolmadyk Guw ýyldyzlar toplumynda, 335 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýär. Bu açyş Astronomy & Astrophysics žurnalynda beýan edildi.

Bu ýere asla «jennet mekany» diýip bolmaz. Çünki planeta öz ýyldyzyndan diňe 2,4 million km uzaklykda ýerleşýär we ol ýerde bir ýyl bary-ýogy 14 sagat dowam edýär.

Aşa ýokary temperatura we basyş sebäpli, ol ýerdäki suw adaty deňiz görnüşinde däl-de, dykyz bug hem-de superkritiki suwuklyk görnüşindedir. Astronomlar şeýle obýektleri "gyzgyn suw-bug dünýäleri" diýip atlandyrýar. Orbitasy örän ýakyn bolany üçin, güýçli dartuw güýçleri planetany öz ýyldyzyna tarap yzygiderli çekýär. Geljekde ol ahyrsoňy öz ýyldyzyna birleşer.

Planeta Ýerden 2,5 esse uly we 8,5 esse gabaraly. Ol göni öz ýyldyzynyň öňünden geçmeýär (üstaşyr geçiş usuly bilen hereket etmeýär). Alymlar planetany Kepler teleskopyndan alnan arhiw maglumatlarynyň we TESS-iň täze suratlarynyň kömegi bilen, ondan serpigýän ýagtylygyň ujypsyzja yrgyldylaryny tutmak arkaly tapyp bildiler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.