Alymlar gaýtadan işlenen plastikden we oba hojalyk galyndylaryndan köke taýýarlady. Bu çözgüdi uzak möhletleýin kosmos ekspedisiýalarynyň dowamynda astronawtlary azyk bilen üpjün etmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär diýip, «The Guardian» habar berýär.
Taslama NASA tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Kökäni taýýarlamak üçin hünärmenler polietilentereftalaty (PET, ondan bir gezeklik çüýşeler öndürilýär), şeýle hem şeker mekgejöweniniň baldaklaryny we ýapraklaryny ulandy. Ilki bilen çig mal ýokary temperaturanyň, basyşyň, suwuň hem-de kislorodyň täsirine sezewar edilýär. Netijede, plastik molekulalara bölünip, soňra genetik taýdan üýtgedilen hamyrmaýalara «iýdirilýär».
Mikroorganizmler uglerody beloklara, ýaglara we beýleki biologik molekulalara öwürýär. Hamyrmaýanyň aýratyn ştammy bolsa ösümlik biomassasyndan wanil aromatizatoryny almaga mümkinçilik berýär. Şondan soň garyndy krahmal we beýleki komponentler bilen birleşdirilýär hem-de 3D-printerden geçirilýär. Şeýlelikde, «µBites» diýlip atlandyrylan tegelek köke alynýar.
«Meniň barlaghanam plastigi gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar. Biz pikir etdik: näme üçin iýmite üns bermeli däl? Plastik — bu uglerod, iýmit hem — uglerod» diýip, taslamanyň ýolbaşçysy, mikrobiolog Lahiru Jaýakodi gürrüň berýär.
Alymlar entek taýýar önümi dadyp görmedi. Munuň üçin ýörite rugsatnama gerek:
«Biz ony entek iýip görmedik, sebäbi adamlarda synag geçirmek üçin tassyklanmagyna garaşýarys».
Şol bir wagtyň özünde topar kökäniň «ýakymly ysy üçin ýokary baha alýandygyny» belleýär.

Köke uzak möhletleýin kosmos syýahatlary üçin iýmitlenmegiň tehnologiýalaryna bagyşlanan NASA-nyň «Deep Space Food Challenge» bäsleşiginiň çäginde döredildi. Önümiň özüne düşýän gymmaty häzirki wagtda kilogramyna 60 dollar. Alymlar hamyrmaýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak we önümçiligiň göwrümini artdyrmak arkaly ony arzanlatmagy meýilleşdirýär.
Barlagçylaryň pikiriçe, tehnologiýa geljekde diňe bir kosmosda däl, eýsem suwasty gämilerde, tebigy heläkçilikleriň bolan zolaklarynda we Ýerde plastik galyndylary gaýtadan işlemek üçin hem peýdaly bolup biler.
«2050-nji ýyla çenli azyk önümlerine bolan global islegiň 35–56% ösmegine garaşylýar we geljekde dünýä ilatynyň, takmynan, 30%-i açlyk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Men bu meseläni çözmegiň ýoluny mikroblary peýdalanmakda görýän» – diýip, Jaýakodi sözüni jemledi.