Şweýsariýaly alymlar nätanyş adamlaryň nädip dostlaşýandygyny we şol wagt olaryň beýnisinde nämeleriň bolup geçýändigini öwrendiler.
Sýurihli kognitiwist Rissa Moffat bir bölegi deň-duşlardan (diňe ýaşuly adamlar ýa-da diňe ýaşlar), beýleki bölegi bolsa dürli ýaşly adamlardan (bir ýaş + bir ýaşuly) düzülen 61 jübüti synagdan geçirdi. Gatnaşyjylara alty hepdeläp yzygider görüşmek we bilelikde ses-sedasyz oturyp, kagyza surat çekmek tabşyryldy. Olara surat çekmezden öň we soň arkaýyn gürrüň etmäge rugsat berildi. Duşuşyklaryň dowamynda ýörite sensorlar olaryň beýnisiniň işleýşini ýazga geçirdi.
Alymlary esasan «beýniara sinhronlyk» — ýagny iki adamyň beýnisiniň bir tolkunda sazlaşykly işläp başlaýşy gyzyklandyrýardy. Sebäbi öň adamlar näçe ýakynlaşsa, şol sazlaşyk hem şonça ýokarlanýar diýlip hasap edilýärdi. Emma bu synag garaşylmadyk netije bilen tamamlandy.
- Deň-duşlaryň beýni sazlaşygy, dogrudanam, her duşuşykda güýçlendi. Gürleşmäge umumy tema, meňzeş gyzyklanmalar we durmuşa höweslilik gatnaşygy tiz ýola goýmaga we arkalaşyp işleşmäge mümkinçilik berdi.
- Dürli ýaşdaky adamlarda hemme zat tersine boldy. Başda olaryň beýnisi iň ýokary derejede sazlaşykly işledi, emma olar hernäçe ýakynlaşýandyrys öýtseler-de, wagtyň geçmegi bilen şol «jadyly baglanyşyk» gowşady.

Alymlar muny şeýle düşündirýärler: ilkibaşda dürli ýaşly adamlar söhbetdeşine öwrenişmek we onuň bolşuna düşünmek üçin özüne zor salmaly boldylar (beýni sinhronlygynyň ýokary bolmagy hem şundan gelip çykýar). Emma olar biri-birine öwrenişenlerinden soň, dartgynlylyk azaldy, oýun-henek atyldy, oslanmadyk temalar köpeldi, şunlukda gürrüňdeşiň ýagdaýyny öňünden çaklamak kynlaşdy. Netijede beýni arkaýynlaşdy.
Mundan başga-da, dürli ýaşdaky adamlaryň gatnaşygynda derrew «lider» peýda bolýar: ýaşy ulusy köplenç beýemçi bolup, kiçisi-de oňa eýermäge çalyşýar. Şeýlelikde alymlar ula eýermäge çytraşýan gatnaşyjynyň beýnisiniň maňlaý böleginde ýokary işjeňlik bolýandygyny anykladylar. Bu onuň söhbetdeşine düşünmek üçin bar güýjüni sarp etmeli bolýandygynyň alamatydyr. Ýaşytdaşlar bolsa hiç hili iýerarhiýa döretmän, özlerine-de hiç hili agram salman, äbe-de-jüýbe bolup, agzybirlikde surat çekdiler.