22-nji awgustda Dünýä ummanynyň üstüniň ortaça günlük temperaturasy rekord derejä — 21,1 gradusa ýetdi. Bu barada Ýewropanyň klimatyň üýtgemegi baradaky «Copernicus» gullugy habar berdi.
Mundan öňki iň ýokary görkeziji — 21,09 gradus — 2024-nji ýylyň mart aýynda hasaba alnypdy.
Täze görkeziji 2023-nji ýylda goýlan awgust rekordyndan hem ýokary boldy. Şonda ummanyň üstüniň ortaça temperaturasy 20,98 gradus bolupdy.
«Copernicus» gullugy, adatça, deňiz üstüniň iň ýokary temperatura görkezijileriniň Günorta ýarymşarda tomus tamamlanýan wagty — mart we aprel aýlarynda hasaba alynýandygyny belleýär.

Hünärmenler täze rekordy birbada iki faktor — Dünýä ummanynyň temperaturasynyň uzak möhletleýin ýokarlanmagy we Ýuwaş ummandaky super-El-Ninýo klimat hadysasy bilen baglanyşdyrýar. Hadysanyň 2027-nji ýylyň fewralyna çenli dowam etmegine garaşylýar.
Super-El-Ninýo Ýuwaş ummanda suwuň temperaturasy iki gradus we ondan hem köp ýokarlanan ýagdaýynda ýüze çykýar. 2026-njy ýylda, takmynan, üç gradus maýlama garaşylýar.