Şweýsariýada buzluklary goýun ýüňi bilen basyryp başladylar

Şu gün, 09:314,227
1 / 4

Şweýsariýanyň günbataryndaky Le-Diableredäki buzlukda geçirilen synag goýun ýüňünden taýýarlanan ýorganlaryň buzlugyň eremegini haýallatmak ukybynyň adaty sintetik örtükleriňkiden pes däldigini görkezdi. Ýüň bilen örtülen meýdançalarda buz 50–70%-e çenli az eredi diýip, «Reuters» ýazýar.

Iýun aýynyň ahyrynda alymlar Woduaz Alplaryndaky buzlugyň üstüni goýun ýüňünden taýýarlanan iki sany 100 inedördül metr ölçegli ýorgan bilen örtdüler. Olaryň ýanynda bolsa adaty geodokma örtügini ýerleşdirdiler. Hünärmenler bütin tomus bu iki materialyň netijeliligini deňeşdirdi. Tejribe hökümete degişli bolmadyk Summit Foundation guramasy tarapyndan Lozanna uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda, Şweýsariýanyň buzluklara gözegçilik ulgamynyň (Glamos) ylmy ýolbaşçylygynda geçirildi.

Goýun ýüňi sintetik geodokma materialyna ekologik taýdan has amatly alternatiwa hökmünde görülýär. Poliesterden we polipropilenden taýýarlanan örtükler wagtyň geçmegi bilen könelýär, olaryň süýümleri bolsa daşky gurşawa düşüp, mikroplastigiň çeşmesine öwrülip bilýär.

Şweýsariýa üçin bu mesele has-da wajypdyr. Çünki soňky iki onýyllygyň dowamynda ýurduň buzluklary göwrüminiň, takmynan, 40%-ini ýitirdi, 1000-e golaý uly bolmadyk buzluklar bolsa doly ýitip gitdi. Tomusda buzluklaryň käbir böleklerini Gün şöhlesiniň täsirini azaltmak we eremäni haýallatmak üçin geodokma bilen örtýärler.

Emma bu usul diňe çäkli meýdanlary goramaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda geodokma Şweýsariýanyň buzluklarynyň üstüniň 0,02%-e golaýyny örtýär we ýylda, takmynan, 300 müň kub metr buzy saklap galmaga ýardam edýär. Bu ýurduň her ýyl ýitirýän, takmynan, bir milliard kub metr buzy bilen deňeşdirilende örän azdyr.

Alymlar buzluklaryň eremegini uzak möhletleýin haýallatmagyň iň netijeli ýolunyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bolup galýandygyny belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.