Türkmen alymlary Minskide biotehnologiýa ugrundaky innowasion işlerini tanyşdyrdy

Şu gün, 13:201,018

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Minsk şäherinde Belarusyň Milli ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan «Ylym festiwaly – 2026» çäresinde biotehnologiýa ugrundaky taslamalaryny hödürledi.

Iş saparyna biotehnologiýa kafedrasynyň müdiri O.Soltanowa hem-de molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň müdiri D.Porrykow gitdi.

«Ylym festiwaly» Belarusda eýýäm sekizinji gezek geçirilýär we ýurduň iň meşhur ylmy çäreleriniň biri hasaplanýar. Forum Minskiniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ylym we tehnika ulgamynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýar hem-de täze bilimleri öwrenmäge ýardam berýär.

Festiwalyň çäklerinde Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary we merkezleri innowasion işlerini tanyşdyrdy. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri hem ýokary okuw mekdebinde biotehnologiýa ugrunda işlenip taýýarlanan birnäçe taslamalary hödürledi.

Türkmen mugallymlary festiwalyň dowamynda belarus ylmy-barlag institutlarynyň professorlary we alymlary bilen genetika, seleksiýa, mikrobiologiýa, azyk we oba hojalyk biotehnologiýasy meseleleri boýunça pikir alyşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.