Illinoýs uniwersitetiniň Urbana-Şampeýn şäherindäki tebigy baýlyklar kafedrasynyň mugallymy Keýtlin Blumer bir gezek Kentukki ştatynda geçirilen ekspedisiýanyň dowamynda hapa palçykdan «Krouzilla» diýlip atlandyrylan äpet derýa leňňejini çykarypdyr. Gözlegçi şonda dünýä rekordyna barabar iň uly nusgany tutandyryn öýdýär. Emma kärdeşi ondan hem has uly derýa leňňeçlerini görendigini aýdýar.
Netijede, dostlukly jedel Demirgazyk Amerikadaky iň uly derýa leňňeçlerini gözlemek pikiriniň döremegine sebäp bolýar.

Şunlukda, alymlar ýurduň dürli ýerlerindäki kärdeşlerini we muzeýleriň ylmy işgärlerini bu işe çekip, 18 görnüşe degişli iň uly 20 nusgadan ybarat katalogy taýýarladylar.
«Äpetler ýaryşynyň» ýeňijisi çotga guýrukly derýa leňňeji boldy. Ol 2011-nji ýylda Tennessi ştatynda tutulyp, soňra Günbatar Wirjiniýadaky West Liberty uniwersitetiniň kolleksiýasynda saklanypdyr. Onuň guýrugyny we iri gysgyçlaryny hasaba almazdan, kelle-gursak bölegini goraýan gapagynyň uzynlygy 86,6 millimetre ýetýär.
Biologiýa kafedrasynyň dosenti Zak Grehem bu derýa leňňejiniň gapagynyň ölçeginiň adaty bank kartynyň uzynlygyna deňdigini, gysgyçlary we guýrugy doly ýazdyrylan görnüşinde bolsa, tas adaty depderiň inine barabardygyny aýdýar. Dosent häzirki wagtda iki esasy äpet nusganyň özüniň iş otagynda ýer alandygyny belleýär.
Ölçegleriň netijesinde, Demirgazyk Amerikadaky derýa leňňeçleriniň beden ululygynyň ýokary çäginiň, takmynan, 8 santimetrde saklanýandygy anyklanyldy. Biologlar olaryň göwresiniň ululygyny geografik giňişlik, suwdaky kislorodyň mukdary we derýa ekoulgamlarynyň görnüşleri boýunça deňeşdirdiler. Emma daşky gurşawyň öwrenilen faktorlarynyň hiç biri bu kanunalaýyklygy düşündirip bilmedi.

Alymlar derýa leňňeçleriniň ösüşini olaryň içki fiziologiýasy çäklendirýär diýen netijä geldi. Bu ýerde, esasan, hitinden emele gelen daşky gabygyň berkligi we myşsa gurluşy möhüm ähmiýete eýedir.
Ecology žurnalynda çap edilen gözlegiň netijeleri muzeý kolleksiýalarynyň hem ähmiýetini görkezdi. Blumeriň bellemegine görä, bu möhüm ylmy meseläni öwrenmäge hut ylmy kolleksiýalarda saklanýan we köp ýyllaryň dowamynda toplanan gymmatly tebigy nusgalar mümkinçilik berdi.