«Habbl» älem teleskopy Uly Magellan Buludyndaky N44 dumanlygynyň täze suratyny aldy. Dumanlygyň merkezinde gaz we tozandan ybarat dykyz gabyk bilen gurşalan, takmynan, 210-a 140 ýagtylyk ýyly ölçegindäki ägirt uly boşluk ýerleşýär.
Alymlar bu sebitde 500 müň töweregi ýyldyzy hasaba aldy.
Uly Magellan Buludy Ýerden, takmynan, 160 müň ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýär we Akmaýanyň ýolunyň töwereginde aýlanýar. Bu galaktikanyň amatly golaýlygy sebäpli, astronomlar ýyldyzlaryň emele gelşini içgin öwrenip biler.

N44 dumanlygy Altynbalyk ýyldyzlar toparynda ýerleşýär. Onuň merkezindäki ägirt uly boşluk güýçli ýyldyz ýelleriniň we täze ýyldyzlaryň partlamalarynyň täsiri astynda emele gelipdir. Ýyldyzlar doglan we öçen wagtlary çykan gazlar kem-kemden daşyna çykarylyp gysylmak bilen dykyz gabygy emele getiripdir.
Häzir täze ýyldyzlar hut şu gysylan gazda dogulýar. Suratyň ýokarky sag tarapyndaky N44F kiçijik köpürjigi alymlarda aýratyn gyzyklanma döredýär. Onuň gurluşyny bir gyzgyn agyr ýyldyzdan çykan güýçli ýel emele getiripdir. 2025-nji ýylyň awgust aýynda alnan suratda onuň daş-töwereginde gaz bilen tozandan, şol sanda özboluşly sütünlerden ybarat gurluşlary döredýän bölejikler we şöhlelenme akymlary görünýär.
Barlagçylar bu sebitde esasy yzygiderlilige çenli ýyldyzlar diýlip atlandyrylýan jemi 30 müň töweregi örän ýaş ýyldyzy ýüze çykardy. Olar ömrüniň ilkinji tapgyrynda bolup, entek wodorody geliý elementine öwrüp başlanoklar.