Hasrat çekýän piliň suraty «Wildlife Photographer of the Year» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Düýn, 14:374,858
1 / 11

Londonyň Tebigy taryh muzeýi tarapyndan geçirilýän abraýly «Wildlife Photographer of the Year» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. 2026-njy ýylda halkara eminler topary 121 ýurtdan rekord derejeli 65 403 işi kabul etdi.

Bäsleşigiň esasy aýratynlygy suratlaryň hakykylygyna berk talaplaryň bildirilmegidir. 2024-nji ýyldan bäri guramaçylar emeli aň arkaly döredilen suratlary kabul etmeýär. Şeýle hem kadra öň bolmadyk obýektleri goşmak ýa-da suratyň mazmunyny üýtgedýän ownujak zatlary aýyrmak gadagan. Finalçylar asyl nusgadaky faýllary hödürlemeli.

«Netijeler»: ölen çagajygyny göterip barýan pil

Italiýaly fotosuratçy Federiko Weronezi özüniň «Netijeler» atly suraty bilen absolýut ýeňiji boldy. Ol Namibiýadaky Huab derýasynyň jülgesinde pilleri synlap ýören wagty guran hananyň çägesinde üýtgeşik yzlara duşdy. Olary yzarlap, fotosuratçy ölen çagajygyny holtumy bilen gyýagynyň arasynda gysyp göterip barýan ene pili gördi.

Piller ýakynlary aradan çykandan soň özlerini üýtgeşik alyp barýandygy bilen bellidir: olar jesetleri we süňkleri elläp görýär, ölüleri goraýar, ýörite sesleri çykaryp, käwagt bolsa heläk bolanlary göterip başga ýere äkidýär. Käbir bilermenler muny ölüme kem-kemden düşünmek bilen baglanyşdyrsa, beýlekiler şeýle hereketleriň gaýgy-hasraty görkezip biljekdigini çaklaýar.

Weroneziniň suraty haýwanlaryň emosional durmuşynyň näderejede çylşyrymly bolup biljekdigi barada pikirlenmäge mejbur edýär.

«Söýgi zähmeti»: nesliň hatyrasyna agyr zähmet

Oskar Witfild, 14 ýaş, Beýik Britaniýa — ýaş suratkeşleriň arasynda ýeňiji.

Suratyň merkezinde ders tokgasyny itekläp barýan skarabeý (Scarabaeus) durýar. Bu tomzak üçin ýönekeý bir tötänleýin tapyndy däl: ders iýmit hökmünde hyzmat edýär, skarabeýleriň köp görnüşlerinde şeýle tokgalar köpelmek we nesil ýetişdirmek üçin ulanylýar.

Surat Günorta Afrikanyň milli seýilgähinde düşürildi.

«Günortandan soňky garbanyş»: özi aw bolan awçy

Aleksis Tinker-Sawalas — «Dogup gelýän ýyldyz» nominasiýasynyň ýeňijisi.

Suratda talaňçy siňek et siňegine hüjüm edýär. Ýyrtyjy öz holtumyny pidanyň teninden geçirip, onuň içini sorýar. Kiçi ölçeglerine garamazdan, şeýle mör-möjekler beýleki siňekleri we dürli ownuk bognaýaklylary tutmaga ukyply işjeň awçylardyr.

«Beýik bölünişik»: peýzažy ikä bölen köl

Aleks Wisbal — «Suw-batgalyk ýerleri» kategoriýasynyň ýeňijisi.

Suratda Amerikanyň Ýuta ştatyndaky Stensberi köli şekillendirilýär. 1959-njy ýylda demir ýol çekmek üçin gurlan bent aýlagy ikä böldi. Bir tarapyndan suw ozalky duzlulygyny we gök-mawy reňkini saklap galdy — ol ýere derýalar guýmagyny dowam edýär. Ýöne beýleki, üzňe galan bölegi ýokary duz konsentrasiýasy sebäpli tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýörite mikroorganizmleriň köpçülikleýin köpelmegine ýardam edýär. Olar suwa ýiti gülgüne reňk berýär.

«Goranyş ýagdaýy»

Anton Sorokin — «Özüňi alyp baryş: ýerde-suwda ýaşaýanlar we süýrenijiler» kategoriýasynyň ýeňijisi.

Suratda Kaliforniýa tritonynyň ýumurtga taşlaýan wagty görkezilýär. Amfibiýa žele şekilli dury massa – işbil topbagy berkidilen batga ösümliginiň baldagyny öz penjeleri bilen berk gujaklap dur. Triton goranyş ýagdaýynda «gatap galdy». Ol öz neslini goraýar, baldagyň aşaky böleginde bolsa başga bir tritonyň işbilleri berkidilen. Tebigatda tritonlar, köplenç, biri-biriniň ýumurtgalaryny iýýär. Amfibiýa ýumurtgalaryň töweregindäki želä meňzeş halta ýeterlik suw sorup, ýyrtyjynyň agzyna sygmajak ölçege çenli çişýänçä, ýumurtgany goraýar.

«Kiçijik tansçylar»

Kutub Uddin — «Portfolio» kategoriýasynyň ýeňijisi.

Suratyň gahrymanlary üýtgeşik görnüşde doňan kiçijik tansçylary ýatladýar. Hakykatda, bular miksomisetler – çüýrän agaçlarda we beýleki organiki galyndylarda köp duş gelýän organizmler.

Kömelekler bilen daşky meňzeşligine garamazdan, miksomisetler organizmleriň başga bir toparyna degişlidir. Olaryň ýaşaýyş sikli üýtgeşik tapgyrlary öz içine alýar, käbir görnüşleri bolsa iýmit gözleginde hereket etmäge-de ukyply.

Ebbot murenalary: suw astyndaky nika däbi

Toni Wu — «Suwasty dünýä» kategoriýasynyň ýeňijisi.

Suratda Ebbot murenalary nika hereketleri wagtynda şekillendirildi. Bu balyklar koral rifleriniň we gaýaly buky ýerleriň arasynda, adatça, gizlin durmuşda ýaşaýar. Şonuň üçin olaryň aragatnaşygyna gözegçilik etmek aýratyn sabyrlylygy we suw astynda işlemek başarnygyny talap edýär.

«Wildlife Photographer of the Year» 1965-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ilkinji ýyl bäsleşik 361 işi jemledi, 1984-nji ýylda ony Tebigy taryh muzeýi goldandan soň, gatnaşyjylaryň sany on müňlerçe adama ýetdi.